TRTVOTWORLD

 

TRTVOTWORLD.COM

Türkiýe Radio-Telewideniýe Guramasynyň Daşary Ýurt Ýaýlymlary Departamentine degişli TRTVOTWORLD.COM habar saýtydyr. 41 dilde ýaýlym berýän web saýtynyň esasy borjy Türkiýe Respublikasynyň milli we halkara meseleler baradaky garaýyşlaryny bütin dünýäniň dykgatyna ýetirmek.

Döwrebap daşarky ýaýlym adalgasynyň gysga möhletde digitallaşýan dünýä mediasy bilen utgaşlygy ýola goýmak maksady bilen gysga tolkundan berilýän ýaýlymlardan daşgary web saýtlaryna aýratyn uly orun berilmeginiň netijesinde açylan TRTVOTWORLD.COM daşary ýurt dilindäki internet ýaýlymlary diýseň giň habar mazmunlaryny özünde jemleýär. Türkiýäni, Dünýäbi we Ýaýlym berilýän sebiti gyzyklandyrýan Sebitleýin habarlar, Medeniýet, Ykdysadyýet, Ylym we Tehnologiýa bilen bagly habarlary ünslilik bilen öwrenýär we saýlap alýar. Türkiýedäki we dünýädäki esasy wakalar hem-de täzelikler habar gulluklarynyň yzgiderli yzarlanmagy netijesinde dünýäniň gün tertibine degişli habarlaryň saýtymyzda dogry, ynamly we ýokary tizlikde ýaýradylmagyny üpjün edýär.

Türkiýe baradaky iň dogry we dünýäniň gün tertibi bilen bagly iň bitarap habarlary ýetirmek boýunça TRTVOTWORLD.COM dünýäniň belli habar saýtlaryndan biri.