Türkmen talyplary sport çärelerine uly gyzyklanma görkezdi

Çärä gatnaşan talyplar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdiler

261450
Türkmen talyplary sport çärelerine uly gyzyklanma görkezdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýurdumyzda we daşary ýurtlarda 1—30-njy aprel aralygynda «Sagdynlyk we bagtyýarlyk» şygary astynda geçirilen köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we medeni-sagaldyş çäreleriniň biraýlygy Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasy tarapyndan hem Türkiýäniň Hajettepe uniwersitetinde dabara bilen bellenilip geçildi.

Ankaranyň Hajettepe uniwersitetinde sportyň futbol, stol tenisi we küşt ugurlarynda bäleşikler geçirildi. Bäsleşige Türkiýäniň ähli ýerinden gelen türkmen talyplary uly gyzyklanma bildirdi.

Futbol boýunça geçirilen bäsleşikde Ýakyn Gündogar tehniki uniwersitetiniň talyplarynyň futbol komandasy 1-nji oruna, Gazi uniwersitetiniň futbol komandasy 2-nji oruna we Ankara uniwersitetiniň futbol topary bolsa 3-nji oruna mynasyp boldy.

Çärä gatnaşyp üstünlikli çykyş eden talyplara Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasy tarapyndan baýraklar gowşuryldy.

Çärä gatnaşan talyplar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, biraýlygyň dowamynda Türkmenistan we daşary ýurtlar boýunça ozal görlüp-eşidilmedik gerim bilen köpçülikleýin sport çäreleriniň geçirilendigini buýsanç bilen bellediler.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar