Mugallymlar gününe bagyşlanan ýörite gepleşik

24-nji noýabr Türkiýede mugallymlaryň sarpalanýan güni hökmünde 1981-nji ýyldan bäri bellenilip geçilýär

421776
Mugallymlar gününe bagyşlanan ýörite gepleşik

Adamyň bilim almagynda maşgala agzalarynyň we daş-töwereginiň täsirlerinden soň esasy goşandy mugallymlar goşýar. Durmuşymyzda esasy orun eýeleýän mugallymlar üçin bahşedilen bir güni belläp geçýäris. 24-nji noýabr Türkiýede mugallymlaryň sarpalanýan güni hökmünde 1981-nji ýyldan bäri bellenilip geçilýär.


Atatürk 1918-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Millet mekdepleriniň Başmugallymlygyny kabul etdi. Atatürke başmugallymlyk adynyň berilmegi elipbiý çalşygynda we ondan soňky tapgyrda Türkiýede sowatlylyk derejesiniň ýaýbaňlanmagyndan gelip çykýar. Elipbiý çalşygy Türkiýede arap elipbiýiniň ýerine latyn elipbiýiniň kabul edilmegi bilen amala aşyryldy. Şeýlelikde döwrebap dünýä bilen utgaşyklyk göz öňünde tutulýardy. Elipbiý çalşygyny amala aşyran Atatürke Ministrler kabinetiniň 1918-nji ýylyň 24-nji aprelinde geçiren mejlisinde “Baş mugallymlyk” adynyň berilmegi barada karar kabul edilýär. Atatürkiň doglan gününiň 100-nji ýyly bolan 1981-nji ýylda bolsa her ýylyň 24-nji noýabrynda Mugallymlar gününiň bellenilip geçilmegi barada karar kabul edilýär.


Elbetde mugallymlarymyz ählimiz üçin mähriban we hormatlydyr. Okamagy we ýazmagy şolardan öwrendik. İlkinji matematika dersimizi şolar bilen işledik. Sagady, kalendary mugallymlarymyzdan öwrendik. Jemgyýetçilik durmuşymyzda özümizi nähili alyp barmalydygymyzy şolardan öwrendik. Öýümizde maşgala agzalarymyz we goňşularymyz bilen nähili gatnaşyk etmelidigimizi şolar gönükdirdi. Dişimizi ýuwmakdan, tertip-düzgüne, wagtynda uklamakdan ene-atalarymyza sarpa goýmaklyga çenli köp zady şolardan öwrendik diýsek ýalňyş bolmaz. Mugallymlarymyzyn göwnünden turmak üçin köp tagalla etdik. Soň başga mugallymlarymyz boldy. Emma ilkinji mugallymymyzyň ýeri kalbymyzyň töründe orun eýeledi. Ol şeýle bolmagynda-da galar. Jemgyýeti ösdürmekde we geljege ýetirmekde mugallymlarymyzyň jogapkärçiligi uly. Bilim ulgamy nähili üstünlikli bolsa, geljegi gurmak şonça ýeňil we üstünlikli bolar. Geljegimizi gurjak esasy güýç mugallymlarymyz bolar. Olar ömür baky şöhlämiz boldy, bolmaga-da dowam ederler.


Dinimiz hem ýaşaýyş durmuşymyz taýdan bize mugallymçylyk etdi. Gündelik durmuşymyzda pygamberimiziň ýörelgeleri durmuşymyzda esasy orun eýeledi. Yslam dininiň göz öňünde tutýan ýaşaýyş-durmuşy we pedagogikasy durmuşymyzy ugrukdyrdy. Gowy adam bolup ýetişmegi, gözel ahlagy, adamlara kömek bermegi bize öwreden dinimiziň ýolbeletlik etmeginde ýaşamaga synanşdyk.
Mugallymlar gününde ähli mugallymlarymyzy hormatlamak bilen ýatlaýarys. Olara berk jan saglygyny, uzak ömür, işlerinde üstünlik arzuw edýäris.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar