Baýyr-Bujak türkmenlerine uly howp abanýar

Türkiýäniň Hataý welaýatynyň günortasynda ýerleşýän Baýyr-Bujak türkmenleri gyrgynçylyk howpyna sezewar

425210
Baýyr-Bujak türkmenlerine uly howp abanýar
Siriýada türkmenlerin ene ýurdy hasaplanylýan Baýyr-Bujakdaky Ajysu, Fyrynlyk we Gyzyldag obalaryna rus harby uçarlarynyň goldaw bermeginde Siriýanyň hökümetine degişli güýçler tarapyndan hüjüm edilýär.
Siriýanyň harby goşunlarynyň Gyzyldagyň golaýyndaky depelere dik uçarlar bilen esger getirendigi habar berilýär.
Soňky hüjümlerde Gimam we Zuweýk obalary, Ajysu çatrygy we Gyzyldagyň bir bölegi hökümede degişli güýçler tarapyndan alyndy. Hökümete degişli güýçler Gyzyldagy dolulygyna alan halatynda türkmen obalaryndan 10 sanysyna uly howp abanar. Hökümetiň almak isleýän ýerlerinden biri hem Ajysu etrapçasy. Ajysu kenarýaka zolagy bilen türkmen güýçleriniň gözegçiligindäki demirgazyk liniýasynyň arasyndaky soňky nokat.
Türkmenlerin köpçülikleýin ýagdaýda ýaşaýan Latakiýe welaýatynyň Baýyr-Bujak etrabynyň Türkmen dagy zolagy Asada garşy göreşilýän strategik nokatlardan biri. Russiýa tarapyndan goldanýan hökümete degişli güýçler Baýyr-Bujagy dolulygyna alan halatynda Ortaýer deňiziniň kenarýakasyndaky häkimiýetini hem berkider.
Aldym-berdimli çaknyşyklaryň dowam edýän ýeri Türkiýä 5 kilometr alysda. Resmi Ankara mesele bilen ýakyndan gyzyklanýar. Türkiýäniň golaýynda, Hataý-Ýaýladag tarapyndan gelen 5,500 adam Ýamadi bosgun lagerine ýerleşdirildi. Çagalaryny we aýallaryny Türkiýä getiren türkmenler, söweşmek üçin yzyna dolandylar.
Emma türkmen güýçleri Soltan Abdlulhamit diwiziýasynyň Baýyr-Bujak etrabynda uly ýitgi çekendigi habar berilýär.
Latakiýe bilen İdlibiň aralygynda ýerleşýän etrapda Soltan Abdulhamid diwiziýasy bilen birlikde başy terror guramasy Al Kaýdanyň Siriýadaky bölümi Nusra fronty we Ahrarul Şam güýçleri tarapyndan çekilýän Fetih goşuny hem ýerleşýär. Hökümetiň tarapynda bolsa Siriýanyň harby güýçleri bilen birlikde Eýranyň we Hizbullahyň esgerleri, Yrakdan, Owganystandan we Pakistandan gelen şaýy söweşijileriň bardygy öňe sürülýär.
Siriýa türkmenleri kim?
Ýowuz Soltan Selim 1516-njy ýylda Siriýany Osman döwletine birikdirýär. Sebit 402 ýylyň dowamynda türkleriň häkimiýetinde galýar. Şol döwürde türkmenler Siriýada giňden ornaşýarlar we sebitde ilat taýdan uly güýje öwrülýär. Siriýa türkmenleriň esasy bölegi sünni hanafi messebine uýýarlar.


Degişli Habarlar