Dünýä Siriýanyň halkyny ýeke goýdy

Eger dünýä bosgun meselesine gözegçilik etmek we DAEŞ terrorynyň ýaýbaňlanmagynyň öňüni almakda hakykatdan hem islegli bolsa, Siriýanyň halky üçin howpsyz zolaklar döretmek we Siriýadaky urşy bes etmek üçin has uly tagalla etmeli

428282
Dünýä Siriýanyň halkyny ýeke goýdy

BMG-niň gözegçilik etmeginde we BMG-niň 2254 belgili kararyna laýyklykda Ženewada başlan Siriýa boýunçe gepleşikler ynamsyz başlangyç etdi we häzirki wagtda-da gepleşikler gynandyryjy ýagdaýda netijesiz gutarjaga meňzeýär.

Halkara jemgyýetçiligi ýene-de bir gezek Siriýanyň halkyny, Siriýanyň Lideri Başar Asadyň ölüm şarhyna we ony goldaýjylara terk etdi.

4-nji fewralda BMG-niň Siriýa boýunça ýörite wekili Staffan de Mistura gepleşikleriň 25-nji fewrala çenli saklanandygyny aýtdy.

Şol beýanat gepleşiklere gatnaşjakdygyna we BMG-niň 2254 belgili kararynyň durmuşa geçirilişi barada birnäçe gün dowam eden diplomatik taýarlyklardan soň berildi.

Russiýanyň we hökümetiň dowam edýän bombardymanlary Ženewa gepleşikžleriniň dowamynda-da durmady we entek işiň başynda gepleşikleriň şol ýönekeý şerti berjaý edilmedi.

Häzirki wagtda ýetilen sepgit bolsa täze başlajak gepleşikleriň Damaskyň, Halabyň, İdlibiň we Latakiýäniň demirgazygynda parasatly oppozision toparlara we asuda ilata garşy dowam etdirýän operasiýasyny güýçlendiren hökümete syýasy ýeňiş getirjekdigini görkezýär.

30-njy sentýabrda Siriýada başlan we Eýran bilen Hizbullahyň goldawyny alan rus harby operasiýasynyň häzirki wagta çenli ýeke-täk maksady belli boldy: parasatly oppozisiýa hüjüm etmek, ony güýçden gaçyrmak we Başar Asada kömek bermek. Hüjümler soňky hepdelerde güýçlendi we onlarça adam tapawut goýulmazdan öldürildi.

Russiýa-Eýran-Asad hyzmatdaşlygy edýän basyşyny gowşatjaga meňzemeýär.

İne bu ýagdaý hem Ženewa gepleşiklerini sözüň doly manysynda samsyklyga öwürýär.

Beýleki tarapdan ABŞ hakyky we netijeli strategiýasy bolmandygyna garamazdan DAEŞ-e garşy alyp barýan söweşe gönügene meňzeýär we ne Russiýa howa bombardymanyny bes etmegi üçin basyş etmäge ne-de Siriýanyň hökümetine syýasy özgerlişik üçin çynlakaý çemeleşmäge çagyrmakda ygrarly däl.

DAEŞ-e garşy güýje girizlen strategiýalaryň hiç haýsysy Başar Asady wezipeden çetleşdirjek meýilnama bolman halatynda netije bermez.

İne bular Siriýa urşunyň iki belasydyr we biri-birinden güýç alarlar. Şu günki güne çenli ne Siriýanyň hökümeti ne-de Russiýa DAEŞ-e garşy sözüň doly manysynda çäre görmediler. Geçen iki ýylyň dowamynda DAEŞ hökümete degişli güýçlerden zyýada oppozisiýanyň tarapdarlaryny we asuda ilaty öldürdi.

Siriýanyň hökümeti ähli legallygyny ýitirdi diýip, amerikaly ýolbaşçylaryň her pursatda edişi ýaly şol hökümetiň harby jenaýat işlemäge dowam etmegine, erkekleri, aýallary we çagalary açlykdan öldürmegine, şarikli bombalar bilen gyrmagyna, hassahanalary, çörek zawodlaryny bombalap hatardan çykarmagyna ýol bermek, iň ýokary derejede syýasy başarnyksyzlyk we ahlak ýetmezçiligidir.

Hökümet we oňa goldaw berýänler ondan netije alýançalar söweşmekde ygrarly.

Meýdandaky güýç balansy özgermän geçiriljek gepleşikler diňe şol günäkär hökümet üçin bähbitli bolar.

Siriýaly oppozisionerler hüjümleriň bes edilmegini, ynsanperwer kömegini ýetirilmegini we tussaglaryň boşadylmagyny talap edýärler. Bular legal islegler we Ženewadaky täze gepleşiklere şert döreden maslahatlarda we ylalaşyklarda-da orun aldy.

Emma entek ilkinji günden ýüze çykyşy ýaly hökümetiň syýasy özgerlişik üçin haýsydyr bir duşuşyga gyzyklanmasy ýok.

Gepleşikleri kabul etmeginiň hakyky sebäbi meýdanda harby ýeňiş gazanmak üçin wagt utmakdy. Hökümet BMG-niň ynsanperwer kömek ugratmak baradaky islegleriniň esasy bölegini yza süýşürdi ýa-da düpleý kabul etmedi.

BMG hökümetiň we Rus-Eýran harby manýowrlarnyň öňünde diýseň ejizlik görkezdi.

DAEŞ-e garşy göreş dowam etmeli, emma ol hökümetin edýän zulumynyň soragsyz-idegsiz kabul edilmegi manysyny aňlatmaly däl.

İndi Russiýadan we Eýrandan Asada çenli ähli tarap DAEŞ-i, Siriýadaky we Lawantdaky öz syýasatslaryny dowam etdirmek üçin bahana hökmünde ulanýandygy aç-açan görünýär.

Biynjalyk edýän hakykat bolsa: DAEŞ-e garşy hakykatdan hem göreşýändigini aýdýanlar hem meýdanda tapawutly zat edenoklar.

Ýewropanyň Türkiýeden garaşýan tamasy siriýaly bosgun akymynyň öňüni almagy, dünýä bolsa şol adamlary Russiýa we hökümete degişli uçarlaryn öldüriji bombardymanyndan halas etmekde başarnyksyz boldy.

Diňe şu hepdäniň özünde hökümete degişli güýçler Halabyň demirgazygynda birnäçe möhüm obany alandan soň şol ýerlerde ýaşaýan müňlerçe halaply Türkiýä tarap ýola düşdi.

Dünýä bolsa entegem oturyp, bolup geçýänlere syn edýär.

Bu hem aslyna seredilende ýekeje many aňladýar: gün güçliniňki, gowurga dişliniňki. Elbetde bu bir matal, esasy zat güýçliniň näme isleýänligi. Güçli bolan isleýänini alar.

Bu Siriýanyň halkyna we dünýäniň galan bölegine berilýän elhenç ýüzlenme.

Eger dünýä bosgun meselesine gözegçilik etmek we DAEŞ terrorynyň ýaýramagynyň öňüni almak isleýän bolsa, Siriýanyň halky üçin howpsyz zolaklar döredip, Siriýadaky urşy bes etmek üçin has çynlakaý çemeleşmäge mejbur.

Galany boş söz.



Degişli Habarlar