Garadeňiziň hünjisi Ordu syýahatçylaryna garaşýar

Orda 1 million syýahatçynyň gelmegi maksat edinilýär

469716
Garadeňiziň hünjisi Ordu syýahatçylaryna garaşýar


Aňyrsy-bärisi görünmeýan ýaýlaglary we dillere dessan bolan çaýlary bilen ünsleri özüne çekýän Garadeňiziň hünjisi Ordu syýahatçylaryna garaşýar.

Ordunyň ýakyndan tanyşdyrylmagy üçin şäher häkimligi tarapyndan başladylan galkynyş göçümi ilkinji miwelerini berdi.

Syýahatçylaryň sany 42 göterim ýokarlady we 480 müňden geçdi.

Orda 1 million syýahatçynyň gelmegi maksat edinilýär.

Ordu al-ýaşyl jülgäniň bir burçunda Kadynjyk şaglawugy, başga bir burçunda ertekiler diýaryny ýadyňa salýan Perşembe ýaýlagy, aňyrsy-bärisi görünmeýän Çamaş kanýony, dury suwlary bilen Ulyköl bilen ünsleri özüne çekýär.

Ýaýlag durmuşy we myhmansöýerligi bilen tanalýan Ordu Garadeňiziň esasy welaýatlaryndan biridir.

Ordu baý taryhy we medeni gurluşy bilen hem özboluşly şäher.

Al-ýaşyla bürenen ýarymadada biri birinden owadan adajyklar bar.

Mawy baýdakly tebigi plažlary, galalary we buthanalary bilen hem syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär.

“Asuda şäher" çinini alan" Perşembe etraby adaty agaç öýleri bilen ýakyndan tanalýar.

Welaýat häkimliginiň Ordunyň tebigy gözellikleriniň ýakyndan tanyşdyrylmagy üçin başladan kampaniýasy oňyn netije berdi.

Şähere gelýän syýahatçylaryň sany köpeldi, syýahatçylyk pudagynyň girdejisi hem artdy.

Ordu esasan hem Arap ýurtlaryndan gelen syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär.

Arap syýahatçylar welaýatda dynç almak bilen birlikde maýa goýdular.

Welaýat häkimligi arap žurnalistleri 2 gezek kabul etdi we olara welaýatyň tebigy gözellikleri hakynda giňişleýin maglumat berdi.


Etiketkalar: #syýahatçylyk , #girdeji

Degişli Habarlar