PKK-nyň Peşmergä Hüjüm Etmegi Näme Many Aňladýar?

Hepdäniň syny

1656685
PKK-nyň Peşmergä Hüjüm Etmegi Näme Many Aňladýar?

Yragyň demirgazygynda terrorizme garşy göreşiň depgininiň güýçlenýän günlerinde terror guramsy PKK-nyň gönüden Yragyň Kürt Awtanomiýasynyň harby güýji peşmergäni nyşana almaga başlandygy görülýär. Soňky guralan terror hüjüminde 7 peşmerge ýogalan bolsa, köp sanly peşmerge ýaralandy. Yragyň Kürt Awtanomiýasynda terror guramasy PKK garşy uly gazap döredi.

SETA-nyň Daşary syýasaty öwreniji alymy Jan Ajunyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Soňky döwürde Yragyň demirgazygyndaky Kürt Awtanomiýasynyň harby güýji peşmergeler bilen terror guramasy PKK-nyň arasynda möwjeýän dartgynlyk wagtal-wagtal çaknyşyga öwrülýän bolsa, PKK-nyň Duhokyň Amedi etrabynda peşmergä tabynlykdaky Zerawani güýçlerine guran hüjümi bilen hasam artdy. Soňky terror hüjüminde 6 peşmerge ýogaldy, köp sanly peşmerge ýaralandy. Başga bir ýerde guralan hüjümde bolsa 1 peşmerge aradan çykdy. Şol hüjümler sebäpli çekilen agyr ýitgi Kürt Awtanomiýasynda uly gazap döretdi. PKK bolsa özüniň gönüden jogapkärçiliginiň ýokdugyny beýan edýär.

Terror gurmasy PKK, beren beýannamasynda Metinada öz gözegçilik giňişligine geçmäge synanşan peşmergä duýduryş berendiklerini, emma hüjüm etmändiklerini öňe sürýär. Emma ähli görkezijiler PKK-nyň peşmerge güýçlerini nyşana alandygyny delillendirýär. Onsuz hem Kürt Awtanomiýasynyň resmileri Premýer-ministr Barzaniniň durmagynda gönüden PKK-ny günäkärlediler.

Yza ser salanymyzda bu eskalasiýanyň ädimme-ädim gelýändigi görülýärdi. Türkiýäniň Yragyň demirgazygynda PKK garşy artýan operasiýalary we PKK-ny serhet zaolagyndan yza serpikdirmegi, Haftanin, Awaşin-Basýan, Metina etraplarynda gözegçilik edýän ýerlerinde-de gurşaw astyna alynmaga başlamagy, logistiki liniýalaryny elden gidirmegine sebäp bolupdy.

Netijede terror guramasy sebitdäki haosdan peýdalanyp, ençeme zolagy gözegçilik astyna alypdy we Kürt Awtanomiýasynyň awtoritaryny ykrar etmän, iş alyp barýardy. Gönüden 700-den gowrak oba PKK-nyň gözegçiligindedi. Ol, Kürt Awtanomiýasynyň esasan-da Kürdistan demokrat partiýasynyň kabul etmeýän ýagdaýydy. Emma Türk ýaragly güýçleriniň sebitde PKK agyr zarba urmagy KDP-ä şert döretdi we depgini gowşak hem bolsa PKK garşy işe girişdiler.

Gelejekde peşmerge-PKK göreşiniň depgininiň güýçlenjekdigini, onuň bolsa Türkiýäniň terrorizme garşy görşi taýdan peýdaly boljakdygyny aýdyp bileris.



Degişli Habarlar