Bäşinji Ýylynda 15-nji Iýul

Hepdäniň syny

1674632
Bäşinji Ýylynda 15-nji Iýul

2016-njy ýylyň 15-nji iýulynda hökümeti agdaryp, Türkiýäni öz gözegçiligine almak üçin FETÖ tarapyndan guralan, emma netijesiz bolan harby agdarlyşyk synanşygyndan bäri 5 ýyl geçdi. Agdarlyşyk synanşygynyň netijesiz bolmagyny üpjün eden ençeme sebäp bar. Şolaryň arasynda iň esasysy halkyň türk demokratiýasyna eýe çykan batyrgaý çemeleşmesidir. Syýasatyň hem agdarlyşyga garşy açyk pozisiýa eýelemegi, agdarlyşygyň öňüni alynmagy taýdan iň esasy faktorlar bolup durýar. Agdarşylygyň garşysynda duran jemgyýetçilik we syýasy pozisiýa, Türkiýäniň demokratik we jemgyýetçilik çydamlylygynyň kuwwatlanmagyna şert döretdi. Bäş ýyldan soň 15-nji iýulyň näme many aňladýandygy hasam düşnükli bolýar.

SETA-nyň Howpsuzlyk barlaglary bölüminiň Direktory Prof.Dr.Murat Ýeşiltaşyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Bäş ýylyň dowamynda Türkiýänin içeri we daşary syýasatynda möhüm wakalar başdan geçirildi. FETÖ-den saplanyş tapgyry üstünlikli dowam edýär. Döwletiň esasy guramalaryna siňip, gizlenen ençeme FETÖ agzasy paş edilip çetleşdirildi ýa-da kazyýetiň öňüne çykaryldy. Şol çäkde ençeme FETÖ-çi anyklanyp, Türk ýaragly güýçleriniň düzüminden çykaryldy we möhüm operasiýalaryň geçirilýän günlerinde harby goşunyň öňündäki howplar azaldyldy. Howpsuzlyk taýdan terrorizme garşy göreşde netijeli ýol tutan içeri işler we howpsuzlyk gullugy ýaly guramalarda-da birmeňzeş saplaýyş işleri geçirilip, ýüze çykmagy ähtimal howplar azaldyldy.

15-nji iýuldan soň iň esasy üstünlik bolsa howpsuzlyk pudagynda edilen özgertmeler bilen ýüze çykdy. Şol çäkde Žandarm we kenarýaka howpsuzlyk serkerdelikleri Içeri işler ministrliginiň garamagyna berilip, Baş ştabyň harby güýçleriň üstündäki pozisiýasy üýtgedilip, Milli goranmak ministrliginiň ygtyýarlary giňeldildi. Howpsuzlyk býurokratiýasynyň FETÖ-den saplanmagynyň we howpsuzlyk pudagyndaky özgertmänin ilkinji netijesi terrorçylyga garşy göreşde alyndy. Şol çäkde terror guramasy PKK garşy has netijeli strategiýa iş ýüzüne geçirilen bolsa, Siriýada DAIŞ-e garşy “Ýefrat Galkany” operasiýasy başladylyp, iki terror guramasynyň hem gözegçilik çäkleri azaldylyp, şol zolaklar terrordan saplandy. Şol tapgyrda Yrakda ýaňadandan ornaşmaga synanşan PKK garşy alynyp barylýan täze terrorizme garşy strategiýa hem üstünlikli netije berdi. Bu pudakda edilen özertmeler täze syýasy strategiýanyň iş ýüzüne geçirilmegini ýola goýup, Türkiýäniň Liwiýa, Siriýa, Yrak, Daglyk Garabag we Gündogar Ortaýer deňizi ýaly möhüm daşary syýasat dosýelerinde has güýçli pozisiýa eýelemegini üpjün etdi.

Daşary syýasatda bolsa 15-nji iýul hamala diýersiňiz öwrülşik nokady boldy. 15-nji iýuldan soňky iň esasy başlangyç Siriýada edildi. “Ýefrat Galkany” operasiýassy bilen DAIŞ-i serhetden çetleşdiren Türkiýe, PKK-nyň Ýefrat derýasynyň günbatarynda ornaşmagyna ýol bermedi. 2018-nji ýylyň ýanwarynda başlan “Zeýtun Şahajygy” operasiýasy bilen bolsa PKK Afrinden çykaryldy. Şeýlelikde Türkiýe Siriýa meselesinde has güýçli pozisiýa eýelemäge başlady. 2019-njy ýylyň oktýabrynda guralan “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy bilen terror guramay PKK Ýefrat derýasynyň gündogarynda-da basyş eden Türkiýe, şeýlelikde PKK-nyň Siriýada güýçli pozisiýa eýelemeginiň we demirgazykda döwletjik gurmagynyň öňüni almagyň hötdesinden geldi. Idlib meselesiniň çözülmegi üçin hem jogapkärçilik alan Türkiýe 2020-nji ýylyň martynda Siriýanyň hökümetine Idlibde agyr zarba urdy. Bu harby operasiýalar Türkiýäniň 15-nji iýuldan soň diplomatiýa stolunda has güýçli pozisiýa eýelemegini üpjün etdi.

Şol pozisiýanyň güýçli bolan ýerlerinden biri hem Liwiýady. Liwiýa meselesinde 2011-nji ýyldan bäri diplomatik usullary saýlap alan Türkiýe 2019-njy ýylyň 4-nji iýulynda BMG tarapyndan ykrar edilen Tripoli hökümetini agdarmaga synanşan Haftara garşy Milli ylalaşyk hökümetini goldady. Şol çäkde Milli ylalaşyk hökümeti bilen ylalaşyga gol goýup, Haftara degişli güýçlerin Tripolini ele geçirmeginiň öňi alyndy. 2020-nji ýylda Garabag meselesinde Azerbaýjanyň goldanmagy bilen bolsa Ermenistanyň yza çekilmegini gazanan Türkiýe, sebitleýin meseleleriň tas ählisinde diplomatik taýdan işjeň, harby taýdan hem kesgitleýiji pozisiýa eýeledi.

Bäş ýyldan soň 15-nji iýula ser salanymyzda ähli taraplaýyn Türkiýe üçin taryhy öwrülşik nokady bolandygyna göz ýetirmek bolýar.



Degişli Habarlar