Ýewaziýa ýurtlarynyň gün tertibinde esasy orun eýeleýän wakalar

Ýewraziýa syn

1994702
Ýewaziýa ýurtlarynyň gün tertibinde esasy orun eýeleýän wakalar

2023-nji ýylyň maý aýynyň 21-22-i aralygynda Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Litwa resmi sapar gurady. Litwanyň Prezidenti Gitanar Nauseda bilen İlham Aliýew özara duşuşyk geçirdi. Duşuşykdan soň taraplaryň arasynda 3 şertnama baglaşyldy.

Saparyň çäginde iki ýurduň Prezidentleriniň gatnaşmagynda Litwa-Azerbaýjan işewürler maslahaty geçirildi. Azerbaýjanyň Prezidenti İlham Aliýew saparynyň çägine Litwanyň Premýer-ministri İngrida Şimonite bilen hem duşuşdy.

Singapuryň Prezidenti Halime Ýakub, 2023-nji ýylyň maý aýynyň 22-24-i aralygynda ilkinji gezek Gazagystana we Özbegistana döwlet saparyny gurady. Halime Ýakub Gazagystanda we Özbegistanda resmi dabara bilen garşylandy. Singapuryň Prezidenti, gazak kärdeşi Tokaýew we özbek kärdeşi Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. Saparyň çäginde, Gazagystan bilen Singapuryň arasynda 4, Özbegistan bilen Singapuryň arasynda hem 7 şertnama baglaşyldy.

Russiýanyň Premýer-ministri Mihail Mişustin, 2023-nji ýylyň maý aýynyň 22-24-i aralygynda Hytaý Halk Respublikasynda saparda boldy. Premýer-ministr Mişustin saparynyň çäginde Hytaýyň döwlet Ýolbaşçysy Si Sizinpin we Premýer-ministri Li Sýan bilen duşuşklar geçirdi. İki ýurduň arasynda 5 şertnama baglaşyldy. Hytaý bilen Russiýanyň arasyndaky tölegleriň 70 göteriminin rubl we ýuan bilen tölenýändigi we özara söwda mukdarynyň üstümizdäki ýyl 40 göterim artandygy nygtaldy.

2023-nji ýylyň 24-nji maýynda Moskwada Ýewraziýa Ykdysadyýet forumy geçirildi. Foruma, Russiýanyň, Belarusyň, Ermenistanyň, Gazagystanyň we Gyrgyz Respublikasynyň döwlet we hökümet baştutanlary gatnaşdy.

2023-nji ýylyň 25-nji maýynda Mosykwada Ýewraziýa ykdysadyýet bileleşiginiň Ýokary Ýewraziýa geňeşiniň maslahaty gibrid görnüşünde geçirildi. Maslahata Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Özbegistanyň, Kubanyň, Täjigistanyň, Russiýanyň, Belarusyň, Ermenistanyň, Gazagystanyň we Gyrgyzstanyn prezidentleri bilen premýer-ministrleri gatnaşdy. Maslahatyň çäginde 14 şertnama baglaşyldy.

Ady agzalýan maslahatyň çäginde Azerbaýjanyň, Ermenistanyn we Russiýanyň liderleri duşuşyk geçirdi. Duşuşykdan soň Azerbaýjanyň we Ermenistanyň territorial bitewligini ykrar edýändikleri, Zengezur koridorynyň açylmagy boýunça ylalaşyk gazanylandygy beýan edildi. Russiýanyň döwlet Ýolbaşçylary Wladimir Putin, üç ýurduň Wise-premýerleriniň bir hepdäniň dowamynda käbir kynçylyklaryň çözülmegi üçin duşuşyk geçirjekdigini mälim etdi. Ermenistanyň Premýer-ministri, ýurdunyň Kollektif howpsuzlyk guramasy şertnamasyndan çekilmegi meselesiniň gün tertibinde esasy orun eýeleýändigini belledi.

2023-nji ýylyň 25-nji maýynda Minsk şäherinde Russiýanyň we Belarusyň Goranmak ministrleri Sergeý Şoýgu  bilen Wiktor Hrenin duşuşyk geçirdi. İki kärdeş duşuşykda Belarusa ýadro ýaraglarynyň ornaşdyrylmagy baradaky şertnama gol goýdy.

Syýasatçylar, Russiýa bilen Gruziýanyň arasynda howa gatnawy gadagançylygynyň ortadan aýrylmagyna garşylyk görkezdi. Gruziýaly oppozisionerler karara garşy protest ýörişini geçirdi. Gruziýanyň Prezidenti Salome Zurabişwili karara goldaw bermeýändigini mälim etdi. Gruziýanyň Howa ýollarynyň başlygy Tamaz Gaiaşwili Prezident Zurabişwilini islenmeýän adam hökmünde yglan edýändiklerini we uçarlaryna almajakdyklaryny mälim etdi. Käbir hünärmenler Ýewropa transiz geçişler meselesinde Tbilisi howa menziniň halkara Stambul howa menziline bäsdeş bolup biljekdigini nygtaýar.

Ýokarda hem belläp geçişimiz ýaly geçen hepde Ýewraziýa ýurtlarynyň liderleri möhüm gepleşikler geçirdi.



Degişli Habarlar