Türkiýäniň Täze Döwürdäki Daşary Syýasatynyň Parametrleri

Hepdäniň Syny

2001139
Türkiýäniň Täze Döwürdäki Daşary Syýasatynyň Parametrleri

Prezident R.T.Erdogan ilkinji daşary ýurt saparyny däp bolşy ýaly DKTR-sy bilen Azerbaýjana gurady. İki paýtagtda-da beren ýüzlenmeleri we analizleri Türkiýäniň täze döwürdäki daşary syýasaty boýunça möhüm görkezijileri özünde jemleýär. İki ýurt hem diňe bir Türkiýäniň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary taýdan däl, sebitleýin bäsleşik we meseleler taýdan hem möhüm. Kipr Türkiýäniň Gündogar Ortaýer syýasatynyň merkezinde durýar. Azerbaýjan bosla Türkiýe üçin iňňän möhüm ähmiýetli ýurt. Esasanda Garabag ýeňişinden soň ähmiýeti hasam artdy. Bu iki saparyň çäginde täze döwürde daşary syýasatynyň başyny çekjek birnäçe möhüm hususy nygtasymyz gelýär.

SETA-nyn Howpsuzlyk bölüminiň Direktory Professor Murat Ýeşiltaşyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Täze döwrüň daşary syýasatynda esasy öňbaşçylyk etjek husus Prezident Erdoganyň uzak ýyllaryň dowamynda ýola goýan liderlik diplomatiýasy. Global we iňňän pozitiw düşünjä eýe bolan Prezident Erdogan täze döwürde global meselelerde eýelän diplomatik pozisiýasyna we egilşiksiz ýagdaýda global meselelere ünsi çeken çykyşlar liderlige esaslanýan daşary syýasaty hasam öňe çykarýar. Aýratynam Türkiýedäki Prezident dolanşygy ulgamy Erdoganyň şol pozisiýa has rahat eýelemegini üpjün edýär.

İkinji möhüm husus bolsa, Türkiýäniň soňky ýyllarda esaslandyran strategik awtonomiýa merkezli daşary syýasatyny çuňlaşdyrmagy. Ol, daşary syýasatda güýçlenen ukyby we giňelen daşary syýasat portfeli sebäpli Türkiýäniň garaşsyz daşary syýasat alyp barmagyny hasam ýeňilleşdirýär. Esasanda günbatar bilen gatnaşyklar awtonomiýa has strategik ähmiýeti bilen öňe saýlanýar. Eýsem birnäçe meselede Türkiýe bilen günbataryň arasynda utgaşyksyzlyk bar. Strategik özygtyýarlylyk maksadynyň täze döwürde hasam çuňlaşdyrylyp, dowam etjekdigini aýtmak ýerliksiz bolmaz.

Beýleki bir ileri tutulýan ugur bolsa täze döwürde ýygydan gün tertibine geljek kadalaşma tagallasy. Kadalaşmanyň esasy bölümini Ýakyn Gündogar emele getirýär. Siriýa bilen dowam edýän gepleşikler tapgyrynyň depgininiň Hakan Fidanyň Daşary işler ministrligine bellenemegi bilen hasam güýçlenmegine garaşmak mümkin. Aýlag sebitinde ýerleşýän ýurtlar bilen bolsa täze bir döwrüň açylmagyna garaşylýar. Eýran meselesinde bolsa şertler tapawutlyrak. Azerbaýjandan gaýdyşyn metbugata beýannama beren Prezident Erdoganyň Eýran hakyndaky açyk tankydy bellikleri Ankara bilen Tähranyň arasynyň täze döwürde dartgynly boljakdygyny görkezýär. Belke täze döwürde bäsleşik we çaknyşyk ugrunyň Ankara bilen Tähranyň arasynda bolma ähtimallygy has ýokary. Ol Siriýada, Yrakda we Azerbaýjanda iki ýurduň has köp bäsleşjekdigini görkezýär.

Beýleki bir möhüm ugur bolsa kadalaşma parallelikde dowam etdiriljek ykdysady gatnaşykalaryň ileri tutulmagy. Türkiýäniň ykdysady krizisden halas bolmagynyň ýeke-täk ýoly eksportuny artdyryp, ykdysady ösüşi ýola goýmakdan ybarat. İne bu şertlerde daşary syýasatda kadalaşmanyň we diplomatiýanyň öňe saýlanmagy iňňän möhüm. Söwda döwletine esaslanýan daşary syýasat tapgyry ine şol jähtden iňňän möhüm. Prezident Erdoganyň Azerbaýjandan gaýdyşyn Gresiýa boýunça beren ýüzlenmeleri täze döwrüň Afyny bilen Ankaranyň arasynda ýumşak geçjekdigini görkezýär.

Kadalaşma howpsuzlygyň ikinji plana goýulmagy manysyny aňlatmaýar. Şol sebäpli howpsuzlyk bilen daşary syýasat gatnaşygy deňagramly dowam eder. Hakan Fidanyň täze pozisiýasy şol çäkde öňe saýlansa gerek.

Türkiýäniň halkara güntertibi hem täze döwürde depginli bolar. Şol çähtden Erdoganyň BMG-niň özgerdilmegi, howanyň üýtgemegi, Ukraina meselesi, Afrika we Palestina meselelerinde öňe saýlanjakdygyny we Ankaranyň global pozisiýasyny hasam berkitmegi mümkin.



Degişli Habarlar