Şwesiýanyň NATO Agzalygynda Türkiýäniň Pozisiýasy

Hepdäniň Syny

2006359
Şwesiýanyň NATO Agzalygynda Türkiýäniň Pozisiýasy

Russiýanyň Ukrainany basyp alma synanşygyndan soň NATO agza bolmadyk we taryhy taýdan bitaraplygyny gorap saklan Baltika ýurtlary uly howpa sezewar boldular. Russiýa geografik ýakynlygy sebäpli Finlýandiýa we Şwesiýa NATO ýüz tutup, gysga möhletde agzalyk üçin talap bildirdiler. Türkiýäniň aladalaryny kanagatlandyrmagyň hötdesinden gelen Finlýandiýa agza bolan bolsa, Türkiýe Şwesiýadan 1-nji iýunda güýje giren “Terrorizme garşy göreş hakyndaky kanunyň” iş ýüzüne geçirilmegi boýunça henizem anyk başlangyçlary etmegine garaşýar. Şwesiýanyň agzalygyndan garaşsyzlykda Türkiýe ähli halkara platformalarda bolşy ýaly, NATO-da hem halkara terrorizme garşy göreşiň umumy maksatlardan birine öwrülmegi üçin egilşiksiz tagallasyny dowam etdirýär.

SETA-nyň Daşary syýasat bölüminiň Direktory Murat Ýeşiltaşyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

2000-nji ýyllardan bäri Ýewropa bilen Russiýanyň arasyndaky syýasy we ykdysady güýç çekeleşiginiň giňişligine öwrülen Ukraina, günbatara ýakyn durandygy üçin uly jerime çekmeli boldy. Russiýa, hüjümlerden ozal NATO-nuň giňelmegini bes etmegini we Ukrainanyň ýaranlyga goşulmajakdygyny kepillendirmegini şert hökmünde goýupdy. Ukrainanyň milli özygtyýarlylygyndan egilşik etmegi manysy aňladýan Russiýanyň talaplarynyň maksady çözgüt däl, eýsem Russiýanyň hüjümlerine şert döretmekdi. Bu şertlerde NATO agza bolmadyk Finlýandiýa we Şwesiýa ýaly ýurtlar şeýle howpa sezewar bolmazlyk üçin agzalyga ýüz tutdular.

Russiýanyň Ukrainany uly garşylyksyz basyp alma we özüne birikdirme meýilnamasy birnäçe sebäpden başa barmady. 2014-nji ýylda Krymyň basylyp alynmagyndan bäri düýpli üýtgedip gurma tapgyryny başladan ukraina goşuny, 2022-nji ýylda hasam güýçlendi. Amerikan howpsuzlyk gullugy hüjümleri öňünden habar berip, Russiýanyň duýdansyz hüjüm guramagynyň öňüni aldy. Resmi Kiýewden çykyp, ýurdy terk etmedik Zelenskiýniň liderligi hem möhüm boldy.  Rus goşunlarynyň aýdylýanyndan has taýýarlyksyz we güýçsiz bolmagy hem Russiýa üçin üstünligiň gelmezliginiň sebäplerinden biri boldy. Bu şertleri seljeren Baltika ýurtlary Russiýanyň harby taýdan beýle güýçli däldigini gördüler, emma hüjümiň esasanda ilkinji aýlarynda Russiýanyň söweşi Gündogar Ýewropa we Baltika tarap giňelme ähtimallygy sebäpli aladalary ýokary derejä göterdiler.

Ukraina söweşi sebäpli Finlýandiýanyň we Şwesiýanyň howpsuzlyk konsepsiýalaryny üýtgedip, bitarap pozisiýalaryndan el çekmekleri ähli tarapdan taryhy ähmiýet eýedir. Emma Türkiýe uzak ýyllardan bari NATO-nyň birnäçe agzasynyň PKK-nyň Siriýadaky bölegi ÝPG-ä gönüden we aýlawly goldaw bermeginden iňňän biynjalykdygyny beýan edip gelýär. NATO-nyň ozalky sammitlerinde bu meseläni hem Siriýa taýdan hem-de halkara terrorizme garşy göreş taýdan birnäçe gezek gün tertibine getiren Türkiýe, esasanda ABŞ-nyň we käbir ýaranlarynyň ÝPG-ä goldawyny çäklendirmek hem-de bes etmek üçin elinden geleni edýär.

Türkiýäniň, Finlýandiýanyň we Şwesiýanyň gol çekişen Üçtaraplaýyn ähtnamanyň talaplaryny gysga möhletde berjaý eden Finlýandiýa garalanda gowşak hereket eden Şwesiýa tapawutly pozisiýa eýeleýär. Prezident Erdoganyň soňky beýannamasy Türkiýäniň iýul aýynda Wilnýusda geçiriljek sammitden ozal bu ugurda gyssagly başlangyç etmejekdigini görkezýär.

Türkiýe geçmişde Gruziýanyň we Ukrainanyň agzalyklaryna garşylyk görkezmedik ýurt hökmünde, NATO-nuň giňelmegi boýunça açyk gapylar syýasatyny goldaýar. NATO-nuň giňelmeginiň strategik taýdan peýdalydygyna göz ýetirýän, emma sebitleýin çaknyşyklara sebäp bolmagyna hem alada bildirýän Türkiýe, Şwesiýa ýaly ýurtlaryň demokratik gymmatlyklary goramak üçin başga ýurtlaryň milli howpsuzlyk aladalaryny ünsden düşürýän çemeleşmelerine garşy durýar. Bu çemeleşmäniň Şwesiýa mahsus bolmandygy we ABŞ, Germaniýa, Ffransiýa ýaly ýurtlaryň hem Türkiýäniň terrorizm boýunça aladalaryna wagtal-wagtal biperwaý çemeleşýändikleri bilinýär. NATO-nuň global derejede özüni täzelemäge çalyşýan şertlerinde Türkiýäniň terrorizme gün tertibiniň ileri tutulýan ugruna öwürmäge çalyşmagy iňňän kanuny we ýerlikli syýasat. Emma Şwesiýanyň bu meselede ýeterlik derejede ünsli çemeleşmezligi NATO-nuň garaşylýan giňelme depginine ýaramaz täris ýetirýäre. Netijede NATO-nuň Şwesiýany agzalyga Kabul etmegi diňe Türkiýäniň razylygy bilen mümkin bolar.



Degişli Habarlar