Wagneriň pitnesi we onuň ähtimal netijeleri

Hepdäniň Syny

2008587
Wagneriň pitnesi we onuň ähtimal netijeleri

Russiýa, Ukraina söweşine gönügen ähtimal tomusky eskalasiýa üçin taýýarlyk görýän mahaly, garaşylmadyk ýerden pitne turdy. Bakyp, beslän “Wagner” atly hakynatutma goşuny birdenkä Ukrainadaky front liniýalaryndan çekilip, Russiýa, paýtagt Moskwa tarap gönükdi. Rus goşuny çäresiz syn eden bolsa, Putin häkimiýetiniň iň uly garşylygyna sezewar boldy. Netijede “Wagner” Moskwa tas 200 kilometre çenli golaýlanda, Belarusyň Lideri Aleksandr Lukaşenkonyň töwellaçylygy bilen ylalaşyk gazanylandan soň, “Wagner” durdy we yza çekildi. Emma “Wagneriň” pitnesiniň hem Russiýanyň hem-de Ukrainanyň başda durmagynda Siriýa we Liwiýa ýaly ýurtlarda möhüm netijeleri bolar.

SETA-nyň Daşary syýasaty öwreniji alymy Jan Ajunuň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

24-nji iýunda “Wagnere” tabynlykdaky esgerleriň Ukrainadaky front liniýasyndan çekilip, duýdansyz ýagdaýda Russiýanyň çäklerine geçmegi, Rostow şäherini alyp, Moskwa tarap süýşmäge başlamagy, dünýä bilen bilelikde Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Putini hem şok eden bolsa gerek. Russiýanyň besläp, bakan, hamala diýersiňiz hasabat bermeýän güýç hökmünde peýdalanylan “Wagner” bu gezek Russiýanyň bähbitleri üçin däl, gönüden özüne ýönelen howp görnüşinde Moskwa tarap süýşýärdi. Russiýa bilen ýakyndan gyzyklanýan bilermenler, aslyna seredilende Russiýanyň Goranmak ministrligi bilen Prigožiniň liderligindäki “Wagneriň” arasynda uly düşnüşmezlikleriň bardygyny bilýärdi. Esasanda Prigožin soňky günlerde güýçli beýanatlar berip, Goranmak ministri Şoýgu bilen Baş ştabyň Başlygy Gerasimowy dönüklik etmekde günäkärläp, Ukraina söweşini başarnyksyz gönükdirýändiklerini nygtaýardy. Soňky gezek bolsa rus goşunlarynyň “Wagneriň” düşelgelerini bombalandygyny öňe sürdi we soň “Adalat ýörişi” atlandyrylan harby göçümini başlatdy. Aslyna garalanda Russiýanyň Goranmak ministrligi “Wagnere” tabynlykdaky güýçleriň gönüden özi bilen şertnama baglaşmagy üçin işe girişipdi. Netijede “Wagneriň” aşa güýçlenendigi we gözegçilikden çykandygy hakynda garaýyşa eýedi. Emma degişli başlangyçlary etmekde gijä galdylar we halkara derejede Russiýany agyr ýagdaýa düşüren, ynjyk, ejiz ýurt ýaly görkezen pitne başlady. Pitne we dowam eden tapgyr Progožiniň birnäçe garaýyşyny tassyklady. Rus goşuny “Wagneriň” şäherleri ele geçirmeginiň öňüni alyp bilmeýşi ýaly Moskwanam gorajak mümkünçiliginiň ýokdugyny görkezdi. Hem howpsuzlyk hem gözegçilik-gönükdiriş ulgamy taýdan uly kemçilikleriň bardygyny ýene-de bir gezek görkezdi. Putin hem Rus döwlet ýolbaşçysy hökmünde bu wakadan iň agyr ýitgini çeken adam boldy. Elbetde Moskanyň çuňluklarynda “Wagneri” gizlin goldaýan elitalaryň kimdigi näbelli bolmagynda galýar we Belarusyň töwellaçylygy netijesinde gazanylan ylalaşygyň netijelerem doly belli däl. Emma Putiniň garşysynda kimdir biriniň üstünlik gazanandygyny görmek kyn bolmasa gerek!

Şeýle hem Russiýada bolan bu pitnäniň Ukraina söweşinde uly netijeleri bolar. Ukrain goşunlarynyň we ýaranlarynyň söweşde üstün çykma islegini güýçlendirjek täsir emele getirmegi ýokary ähtimallyk. Şol sanda Siriýadaky we Afrikadaky döwletlerde ornaşan “Wagnere” degişli güýçleriň geljegi hem näbelli bolmagynda galýar. Moskwanyň goldawy bolmasa, “Wagneriň” ol ýerlerde artykmaç galmagy mümkin däl. Emma “Wagneriň” demir ýumrugy bolmasa, Russiýa üçin geosyýasy ýitgileriň çekilme ähtimallygy bar. Putiniň mundan soň öňünde duran agyr şertler şertler. Duşmanlary bolsa ozalkysyndan hasam gazaplandylar.


Etiketkalar: #Russiýa , #pitne , #Wagner

Degişli Habarlar