Türki Döwletleriň Gün Tertbindaki Wakalar

Ýewraziýa Syn

2017686
Türki Döwletleriň Gün Tertbindaki Wakalar

Hepdelik tapgyrlaýyn gepleşigimiziň nobatdaky sanynda türki dilli döwletleriň gün tertibindäki wakalar hakynda durup geçmek isleýäris.

2023-nji ýylyň 17-19-njy iýuly aralygynda Türkiýäniň Prezidenti R.T.Erdogan Aýlag sebitinde ýerleşýän arap ýurtlaryndan Saud Arabystanyna, Katara we Birleşen Arap Emirliklerine sapar gurady. Geçirilen özara gepleşiklerden soň Türkiýe bilen BAE-niň arasynda 13, Türkiýe bilen Saud Arabystanynyň arasynda 5 şertnama, Türkiýe bilen Kataryň arasynda özara gatnaşyklaryň 50 ýyllygy mynasybetli bilelikdäki jarnama gol çekişildi. Prezident Erdoganyň sapary netijeli geçdi. Birleşen Arap Emirlikleriniň döwlet ýolbaşçysy Muhammed bin Zaýed al Nahýan entek geçen Türkiýä sapar gurapdy.

2023-nji ýylyň 19-njy iýulynda Saud Arabystanynyň Jidde şäherinde Merkezi Aziýa-Aýlag Arap Ýurtlarynyň Hyzmatdaşlyk Geňşiniň Sammiti geçirildi. Sammite Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Saud Arabystanynyň, Bahreýniň, Omanyň, Kataryň we Kuweýdiň döwlet ýolbaşçylary gatnaşdylar. Sammitiň ahyrynda Jidde jarnamasy kabul edildi. Sammitiň çäginde köp sanly ikitaraply şertnamalara gol çekişildi. Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew nobatdaky sammitiň ýurdunda geçirilmegini teklip etdi. Türki döwletleriň prezidentleriniň arap ýurtlaryna saparlary özara gatnaşyklaryň iň ýokary derejä göterilendigini görkezýär. Arap ýurtlary soňky döwürde Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hasam ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge başladylar.

Koreýa Respublikasynyň Mejlisiniň Başlygy Kim Ýin-pýo Türkmenistana resmi sapar gurady. Koreýanyň Mejlisiniň Başlygy 20-nji iýulda Aşgagatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy. Duşuşykda Türkmenistan-Koreýa gatnaşyklary bilen sebitleýin hem-de halkara meseleler seljerildi. Duşuşygyň ahyrynda Koreýa Respublikasynyň Mejlisiniň Başlygy Türkmenistanyň “Garaşsyzlyk” ordeni bilen sylaglandy.

2023-nji ýylyň 20-nji iýulynda DKTR-da Parahatçylyk we azatlyk baýramy bellenilip geçildi. DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar “Demirgazyk Kipr Türk Respublikasy Gündorgar Ortaýer denizinde Türkiýäniň we türki döwletleriň ýüzöwrülmesiz galasydyr” diýdi.

2023-nji ýylyň 18-nji iýulynda Yragyň Kürt Awatanomiýasynyň Başlygy Naçirwan Barzani Azerbaýjana iş saparyny gurady. Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Naçirwan Barzanini Bakuwda kabul etdi. Duşuşykda gönüden uçar saparlarynyň ikitaraply açylmagy, Erbilde Azerbaýjanyň Başkonsullygynyň açylmagy, ikitaraply maýa goýum şertleri boýunça pikir alyşyldy.

Özbegistanyň Premýer-ministri Abdulla Aripow 2023-nji ýylyň 19-njy iýulynda Azerbaýjana resmi sapar gurady. Prezident Ilham Aliýew Aripowy kabul etdi. Bakuwda Azerbaýjanyň Premýer-ministri Ali Asadow bilen Özbegistanyň Premýer-ministriniň duşuşygynda iki ýurduň gatnaşyklary bilen bagly meselelere garaldy. Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Azerbaýjana döwlet saparyny gurajakdygy beýan etdi.

2023-nji ýylyň 21-23-nji iýuly aralygynda Azerbaýjanda Şuşa Global Media Forumy geçirildi. 4-nji senagat ynkylabynda täze media temasy bilen geçirilen foruma 50 ýurtdan 250 wekil gatnaşdy. Türki döwletleriň guramasy, TÜRKSOÝ-uň Baş sekretary hem foruma gatnaşdylar. Forumyň açylyş dabarasyna gatnaşan Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew forumy her ýyl geçirmegi teklip etdi.



Degişli Habarlar