Türki dilli döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary

Ýewraziýa Syn

2032037
Türki dilli döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary

TSR-nyň Türkmen dilindäki goýberlişinde Ýewraziýa syn atly hepdelik tapgyrlaryn gepleşigimiziň nobatdaky sanyna başlaýarys. Gepleşigiziň bu günki sanynda Türki dilli döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakynda maglumat bermekçi.

2023-nji ýylyň awgust aýynyň 20-22-i aralygynda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Wiýetnam Sosýalist Respublikasyna ilkinji resmi saparyny guraldy. Gazagystanyň Prezidenti Tokaýew, Hanoe şäherinde Wiýetnamyň Prezidenti Wo Wan Tuong, Premýer-ministri Min Çin, Milli Mejlisiň başlygy Wiong Din Huýe we Komunist partiýanyň başlygy Nguen FGu Çong bilen aýry aýry duşuşyk geçirdi. Saparyň çäginde geçirlen gepleşiklerde iki ýurduň arasynda 12 şertnama baglaşyldy. Prezident Tokaýew, Wiýetnamly işewürler bilen hem duşuşdy we önümçilik desgalaryna baryp gördi.

2023-nji ýylyň awgust aýynyň 22-23-i aralygynda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Azerbaýjana döwlet saparyny gurady. Paýtagt Bakuda Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew özbek kärdeşini resmi dabara bilen garşylady. Geçirlen gepleşiklerden soň Azerbaýjan bilen Özbegistanyň arasynda 15 şertnama baglaşyldy. Azerbaýjan bilen Özbegistanyň arasynda Ýokary Döwletara geňeş döredildi. Prezident Mirziýoýew saparynyň çäginde Fuzuli we Şuşa şäherlerinde hem baryp gördi. Prezidentler Fuzuli şäherinde Özbegistan tarapyndan gurlan Mirza Ulugbeg mekdebiniň açylyş dabarasyna hem gatnaşdy. Üstümizdäki ýyl Hywa we Şuşa şäherleri doganlyk şäher teswirnamasyny baglaşypdy.

2023-nji ýylyň awgust aýynyň 22-24-i aralygynda Palestina Döwletiniň Daşary işler ministri Riýad Al Maliki Özbegistanda we Türkmenistanda saparda boldy. Palestina Döwletiniň Daşary işler ministri Riýad Al Maliki Özbegistanly we Türkmenistanly kärdeşleri bilen duşuşyk geçirdi. Daşary işler ministrlikleriniň arasynda hyzmatdaşlyk teswirnamasy baglaşyldy. Palestina Döwletiniň Daşary işler ministri Riýad Al Maliki Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanly Berdimuhamedow we Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa tarapyndan kabul edildi.

2023-nji ýylyň 24-nji awgustynda Günorta Afrikada BRİJS-iň liderler maslahaty geçirildi. Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň döwürleýin ýolbaşçysy hökmünde maslahata wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdy. Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin hem Halkara jenaýat kazyýetiniň karary sebäpli maslahata wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşmaly boldy.

2023-nji ýylyň 24-nji awgustynda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Japarow, Ýewropa parlamentiniň Daşarky gatnaşyklar toparynyň başlygy Dewid Makallisteriň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýeti kabul etdi. Kabul edilşikde Gyrgyzstanyň ÝB bilen edýän gatnaşyklaryny gyzyklandyrýan meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

2023-nji ýylyň awgust aýynyň 25-26-y aralygynda Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon Gazagystana resmi sapar gurady. Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen Emomali Rahmon özara duşuşyk geçirdi. Saparyň çäginde Astanada Täjigistanyň Medeniýet günlerine bagyşlanan çärler geçirildi.

2023-nji ýylyň 20-njy awgustynda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Prezident diwanynyň gurluşyny özgerdýän karary tassyklady. Karara laýyklykda Prezident diwanynyň Baş sekretarynyň ýerine Prezidentiň 2 orunbasary bellendi. 26-njy awgustda Saida Mirziýoýewa Prezidentiň orunbasary hökmünde bellendi.

 

 

 



Degişli Habarlar