Türkiýän Daşary Syýasaty

Hepdäniň Syny

2041486
Türkiýän Daşary Syýasaty

Prezident R.T.Erdogan BMG-niň 78-nji Sessiýasynda sözlän sözünde, türk daşary syýasatynyň global we sebitleýin ugurlaryna ünsleri çekdi. Global we sebitleýin güç bäsdeşliginiň, global näbellilikleriň artýan we Türkiýäniň sebitleýin geosyýasy şertleriniň howpsuzlyk meseleleri tarapyndan kegitlenýän döwründe Türkiýe Erdoganyň liderliginde daşary syýasatyny gaýtadan ugrukdyrmaly bolar.

SETA-nyň Daşary syýasaty öwreniji alymy Professor Murat Ýeşiltaşyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Prezident Erdogan 2023-nji ýylyň maý aýynda saýlawda gazanan üstünliginden soň daşary syýasata kesgitlän ugry täze döwrüň nähili ugrukjakdygyny aç-açan görkezipdi. Erdoganyň daşary syýasat paradigmasynyň merkezinde Türkiýaniň strategik özbolşylygyny berçinleşdirmek we şeýlelikde “Türkiýe giňişligi” atlandyrylýan uly strategiýa maksadyna ýetmek durýar. Türkiýe giňişligi maksady bolsa Türkiýäni özgerýän halkara ulgamda global güýje öwürmek. Beýleki bir söz bilen aýdylanda maksat Türkiýäniň güýçli ykdysady, harby we diplomatik güýje öwürip, global güýç bäsdeşliginde esasy taraplardan birine öwürmek hökmünde beýan etmek mümkin.

Prezident Erdogan daşary syýasatda iki maksady şol bir wagtda iş ýüzüne geçirmeli bolar. Bir tarapda Türkiýäniň ýerleşýän çaknyşykly we bäsleşikli geosyýasy şertlerde Türkiýaniň esasy bähbitlerini gorajak inçe diplomatiýa alyp barmak, beýleki tarapdan bolsa global we global özgerlişikler bilen ýakyndan gyzyklanyp, Türkiýäniň özgerlişige uýgunlaşdyryjy täze gurallary döretmek. Türkiýäniň 100-nji ýylynda bu iki maksady şol bir wagtda iş ýüzüne geçirmek täze strategik maksat hökmünde simwoliki ähmiýete eýedir.

Bu strategik maksat Prezident Erdoganyň geljek bäş ýyllyk döwründe hem Türkiýäniň konstruktiw özgerlişini amala aşyrmagyny hem-de şol konstruktiw özgerlişe utgaşykly sebitleýin we global pozisiýa eýelemegini mejbury ýagdaýa getirýär. Konstruktiw özgerlişik “Türkiýe nähili bolmaly” diýlen soraga jogap tapmagy talap edýän bolsa, sebitleýin we global pozisiýa bolsa “daşary syýasat nähili bolmaly” diýlen soragy gün tertibine getirýar.

 

 

Täze Konstitutsiýa we Täze Ykdysadyýet

Taryhy taýdan ser salynanda global ulgamlaýyn özgerlişler bilen Türkiýäniň iş ýüzüne geçiren içerki konstruktiw özgerlişikleriň arasynda güýçli aragatnaşygyň bardygy görülýär. Şol çäkde Türkiýe taryhy öwrülşik nokatlaryndaky ulgamlaýyn özgerlişiklere umuman içerde giňişleýin özgerlişik bilen jogap berip gelýär.

Türkiýäniň konstruktiw özgerlişini ýola goýjak esasy ugurlardan birini täze kontitutsiýa başlangyjy emele getirýär. Eýsem Türkiýe häzirki wagtda onrlaça özgerlişik edendigine garamazdan 1980-nji ýyldaky harby agdarlyşykdan soň huntaçylar tarapyndan taýýarlanan konstitutsiýa laýyklykda dolandyrylýar. 1980-nji ýylda kabul edilen konstutsiýa hem mazmun hem-de Türkiýäniň aktual meslelerini çözmek üçin ýeterlik bolmaýşy ýaly, ençeme bökdençligiň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Bu hususda güýçli jemgyýetçilik we syýasy talabyň bardygy hem-de Türkiýäniň parlament dolanşygy ulgamyndan prezident dolanşygyna geçendigi göz öňünde tutulanda, täze teksiti strategik mejburlyk hökmünde kabul edilýär. Şeýlelikde Prezident Erdogan hem täze konstitutsiýany; diňe bir täze jemgyýetçilik şertnama we demokratiýanyň çuňlaşdyrylmagy boýunça maksatlar taýdan däl, şol bir wagtda-da global özgerlişiklere utgaşyklygy ýola goýjak tekst hökmünde kabul edýar.

Täze konstitutsiýa başlagyjynyň ýany bilen Türkiýäniň ykdysadyýetde gaýtadan Ortodoks syýasatlara dolanyp gelmegi daşary syýasatdan garaşsyz pikir edilmeli däl. Pandemiýadan soň başdan geçirilen global ykdysady durgunlyk, Ukrainadaky söweş sebäpli ýüze çykan ynjyklyk, ykdysady we tehnologik bäsdeşligiň global derejede güýçlenmegi hem-de Türkiýäniň başdan geçirýän ykdysady çökgünligi, Türkiýäniň ykdysady syýasatlarynda täze iş meýilnamasyny düzmegini mejbur ýagdaýa getirdi. Türkiýäniň hem başdan geçirýän inflýasiýa gysyşyndan halas bolmak hem-de global ykdysadyýete integrirlenjek bäsleşikli ykdysady model döretmek we söwda mukdaryny giňeldip, ösdürmegi hökmany. Şeýle maksat, geosyýasy we geoykdysady dinamikalary şol bir wagtda dolandyrmagy mejbury ýagdaýa getirýär. Şol sebäpli hökümetiň geçen hepdelerde yglan eden Orta möhletli ykdysady maksatnamasy Türkiýäniň ykdysadyýetde konstruktiw özgerlişigi iş ýüzüne geçirip, ykdysady ynjyklykdan halas bolmagy we dünýä ykdysadyýetindäki paýyny artdyrmagy nazarda tutulýar.

Geosoýasy jäht

Täze konstitutsiýa we güýçli ykdysadyýet syýasy durnuklylygy hasda berkidip, Türkiýäniň daşary syýasatynyň geoýasy jäht bilen bolan gatnaşygyny kadaly dowam etdirmegine şert döreder. Bu taýda Türkiýäniň global özgerlişige nähili garaýandygyna ser salmak ýerlikli bolar. Prezident Erdoganyň BMG-niň Sessiýasynda sözlän sözünde-de nygtaýşy ýaly, global ulgam düýpli özgerlişik tapgyryny başdan geçirýar. Şol özgerlişigiň esasy özbolşylygy uly güýç bäsleşiginiň yzyna dolanmagy. Nähili bolanda-da şol güýç bäsleşigi ABŞ bilen Hytaýyň arasynda bolup geçýän ýaly görünýän hem bolsa, ähli taraplara gönüden täsir ýetirýär we taraplary pozisiýalaryny gözden geçirmäge mejbur edýär. ABŞ-Hytaý bäsleşigi ulgamlaýyn çäkde başdan geçirilýän hem bolsa, sebitleýin aşakky ulgamlarda täze ýaranlyklaryň gaýtadan şekillenmegine sebäp bolýar. Soňky döwürlerde AUKUS, KUAD, BRIKS, IMEK ýaly täze tapgyrlar Türkiýäniň global daşary syýasat oriantasiýasy taýdan adaty gatnaşyk görnüşlerini seljermegini mejbur edýär.

Türkiýäniň geosyýasy jähtiniň belkem iň möhüm tarapy bolsa çaknyşykly we bäsleşikli şertlerde ýerleşmegi. Ukrainada dowam edýän söweş Türk-Rus gatnaşyklaryna gönüden täsir ýetirişi ýaly, Türkiýäniň ÝB, günbatar we NATO bilen gatnaşyklaryny gaýtadan ugrukdyrýar. Russiýa howpunyň öňünde NATO-nyň gönükdirmeginde gaýtadan bileleşik hökmünde jebisleşmäge çalyşýan Ýewropa, Türkiýe bilen täze gatnaşyk açmaga synanşýan bolsa, Türkiýe özbaşdak syýast bilen bu täze tapgyra utgaşmaga çalyşýar.

Siriýa we Yrak ýaly goňşy ýurtlarda dowam edýän çaknyşyk şertleri we durnuksyzlyklar Türkiýäni howpsuzlygy iler tutmaga mejbur edýär. Ýakyn gündogaryň uly güýç bäsleşiginiň kölegesinde gaýtadan şekillenýän döwründe Türkiýe Ýakyn Gündogar bilen gatnaşyklaryny gaýtadan dizaýn edýär. G20-niň sammitinde yglan edilen IMEK taslamasynyň garşysyna Türkiýäniň Galkynyş ýoly taslamasynyň depginini güýçlendirme tagallasy geosyýasy we geoykdysady dinamikalaryň şol bir wagtda nähili işleýändigini görkezýän möhüm mysal.

Daşary syýasat bir taraply tapgyr däl, eýsem taraplaryň arasyndaky özara täsirleriň başdan geçirilýän strategik ugur. Beýleki bir söz bilen aýdylanda strategiýa gatşyga esaslanmaga mejbur. Prezident Erdoganyň BMG-niň Sessiýasyndaky çykyşy türk daşary syýasatynyň 360 graduslyk perspektiwa bilen dizaýn edilýändiginiň global ugrukdyrmasy boljakdygyny görkezýär.



Degişli Habarlar