Türki döwletleriň gün tertibindäki wakalar hakynda durup geçmek isleýäris.

Ýewraziýa Syn

2044678
Türki döwletleriň gün tertibindäki wakalar hakynda durup geçmek isleýäris.

Geçen hepde dünýä syýasatynyň ýüregi Nýu-Ýorkda urdy. Türki döwetleriň liderleri BMG-niň 78-nji Sessiýasyna gatnaşmak we köp sanly ikiçäk duşuşyklar geçirmek üçin ABŞ-na bardylar. Gazagysrtanıň Prezidenti Tokaýew Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Türkiýäniň Prezidenti R.T.Erdogan we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynda çykyş etdiler. Prezident Tokaýew ol ýerde sözlän sözünde BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň düzüminiň özgerdilmelidigini beýan etdi.

Türki döwletleriň liderleriniň ABŞ-daky gün tertibinde ykdysadyýet ileri tutulýan ugurlardan biri boldy. Prezidentler halkara firmalaryň, halkara banklaryň we halkara guramalaryň wekilleri bilen duşuşdylar. Prezident Mirziýoýew bilen geçirilen duşuşykdan soň ABŞ-nyň “Air Produkts” firmasynyň Özbegistana 10 milliard dollarlyk maýa goýjakdygy beýan edildi. Käbir prezidentler Amerikan firmalary bilen ýerinde tanyş boldular.

2023-nji ýylyň 21-nji sentýabrynda Nýu-Ýorkda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ABŞ-nyň Prezidentleriniň 1-nji Sammiti geçirildi. Sammite ABŞ-nyň, Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň döwlet Ýolbaşçylary gatnaşdylar. Sammitde Merkezi Aziýa döwletlerini gyzyklandyrýan meselelere garaldy. Merkezi Aziýa döwletleriniň dünýäniň öňdebaryjy ýurtlary bilen döreden J1+5 formatyndaky duşuşyklary indi döwlet ýolbaşçylarynyň sammiti derejesinde geçirilmage başlandy. Merkezi Aziýa döwletleriniň ýolbaşçylary 29-njy sentýabrda Berlinde Merkezi Aziýa-Germaniýa sammitine gatnaşarlar.

Şol gün Nýu-Ýorkdaky Türk öýünde Türki döwletleriň guramasyna agza we synçy ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň maslahaty geçirildi. Maslahatda noýabr aýynda Gazagystanda geçiriljek Türki döwletleriň guramasynyň sammitine görülýän taýýarlyklar hakynda pikir alyşyldy.

2023-nji ýylyň 19-njy senýtabrynda Seulda 1-nji Merkezi Aziýa-Günorta Koreýa Mejlisiň Başlyklarynyň maslahaty geçirildi. Maslahata adybir ýurtlaryň Mejlisleriniň Başlyklary gatnaşdylar. Maslahatyň ahyrynda bilelikdäki jarnama kabul edildi. Mejlisiň Başlyklarynyň 2-nji maslahaty 2024-nji ýylda Türkmenistanda geçiriler. Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýul Nýu_Ýorkda Merkezi Aziýa döwletleriniň Ýolbaşçylary bilen ikiçäk duşuşyklar geçirdi.

21-nji sentýabrda Bişkekde Türki halklaryň 1-nji Halkara dil forumy geçirildi. Foruma TÜRKSOÝ-yň, Halkara Türk Akademiýasynyň, Halkara Türk medeniýet we miras gaznasynyň ýolbaşçylary bilen Türki döwletleriň wekilleri gatnaşdylar. Bilşiňiz ýaly Gyrgyzstanda 23-nji sentýabr “Gyrgyz diliniň güni” hökmünde bellenilip geçilýär.

Garabagda dartgynygyň möwjemegi sebäpli Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Nýu-Ýorka gitmedi. Azerbaýjan 2023-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Garabagda başladan antiterror operasiýasynyň netijesinde Garabagdaky ermeni ýaragly toparlar ýaraglaryny taşladylar. Garabagdaky ermenileriň integrasiýa boýunça Ýewlah şäherinde gepleşikleri başlady. ÝB-niň Azerbaýjana garşy beýannamasy Wengriýa tarapyndan weto edildi.

Wakalardan hem belli bolşy ýaly Türki döwletleriň liderleri taýdan geçen hepde iňňän depginli geçdi. Azerbaýjanyň Garabaga guran antiterror operasiýasy sebitde parahatçylygyň durnuklylygyna goşant goşar.

 



Degişli Habarlar