Ankaradaky Terror Hüjümi we Propogandanyň Öňüniň Alynmagy

Hepdäniň Syn

2047902
Ankaradaky Terror Hüjümi we Propogandanyň Öňüniň Alynmagy

Terror guramasy PKK-nyň 2023-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda Ankarada ýerleşýän Içeri işler Baş müdirligine terror hüjümi gurama synanşygy howpsuzlyk meselelerinden daşgary, guramanyň propogandasynyň öňüniň alynmagy we strategik aragatnaşyk tapgyrlary taýdan hem seljerilmeli. Terror hüjüminden soň howpsuzlyk gulluklarynyň ýany bilen jemgyýet hem näbellilige garşy göreşýär. Howpsuzlyk gulluklary taýdan standart operasiýa proseduralary iňňän açykdyr. Emma hem howpsuzlyk işlerini netijeli alyp barmak, hem-de hüjümden soň terroryň psihiki we jemgyýetçilik täsirini azaltmak kesgitli propoganda garşy strategik aragatnaşygy iş ýüzüne geçirmek bir-birleri bilen arabaglanşyklydyr. Eýsem şeýle wakalara görkeziljek depginli reaksiýa diňe bir gysga möhletli netijeleri däl, şol bir wagtdada milli howpsuzlygyň we jemgyýetçiligiň gurluşygyň uzak möhletli ugruny hem kesgitläp bilýär. Terror hüjümlerinden soň gyssagly üns berilmeli esasy husus, hüjümden soň dessine terror propogandasynyň öňüniň alynmagydyr. Bu taýda strategik aragatnaşygyň hem propogandanyň öňüniň alynmagy taýdan möhüm ähmiýete eýedigini nygtap geçmek ýerliklidir.

SETA-nyň howpsuzlyk bölüminiň direktory Professor Murat Ýeşiltaşyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Terror hüjümleriden soňky haotik pursatlarda jemgyýetiň ünsi waka gönükýär. Habar çeşmeleri detallary öwrenmek üçin tagalla eder. Sosial medianyň döwrümizdäki çalt we köplenç hakykaty beýan etmeýän özara täsir giňişliginde bolsa meselä gözegçilik etmek tas mümkin däldir. Bilermenler ellerindäki çäkli maglumat bilen wagtlaýyn analizler bererler; adaty ulanyjylar duýga esaslanýan wagtlaýyn habarnamalar goýarlar, haotik şertlerden peýdalanmak isleýän bähbit toparlary bolsa ondan hyýanatçylykly peýdalanmak üçin ýalan-ýaşryk habarlary ýaýradarlar. Yne, tüýs şu nokatda terror propogandasy kök urmak we ýaýradylmak üçin amatly şert tapyp, durnuksyzlykdan we ýüze çykan duýgulardan maksatlaryna laýyklykda hyýanatçylykly peýdalanyp bilerler.

Hüjümden soňky propogandanyň öňüniň alynmagynyň ähmiýeti, ilki bilen radikallaşmanyň öňüniň alynmagy taýdan  möhüm tapgyrlardan biridir. Hüjümiň yz ýanyndan radikal konteslere sezewar bolmak, emosional taýdan goragsyz bolan ýa-da jogap gözleýän adamlary radikallaşdyryp bilýär. Onuň öňüniň alynmagy radikallaşma öwrüminiň togtadylmagy üçin iňňän möhüm. Beýleki tarapdan öýkünjeň hüjümleriň öňüniň alynmagy hüjümden soňky howpsuzlygyň hönükdirilmegi üçin ýokary ähmiýete eýedir. Terrorist propoganda umuman hüjüm edijileri beýgeldýär, olary hamala “gahryman” ýaly görkezerler. Ol radikallaşma tapgyryndaky adamlara öýkünjeň hüjümleri guramak üçin ylham berer we gyssagly çäre görülmegini talap edýär.

Şeýlelikde ýekşenbe güni guralan hüjümden birnäçe sagat soň terror guramasy PKK birmeňzeş usuldan peýdalanyp, sosial mediadan giň gerimli täsir ýetirme giňişligini döredip, hüjüm arkaly öz sferasyny giňeltmäge synanşdy. Jemgyýetçilik bitewiligiň goralmagy goralmagy hüjümden soň üns berilmeli maksatlardan biridir. Terror propogandasy jemgyýetleri bölmek we düşnüşmezlik emele getirmek maksady bilen psihiki aladalary çuňlaşdyrmak isleýärler.

Döwlet howpsuzlygynyň üpjün edilmegi bolsa hüjümden soňky şertleriň ugrukdyrylmagy taýdan garşy propogandanyň öňüniň alynmagynda iňňän möhümdir. Propoganda arkaly ýaýradylan ýalňyş maglumatlar ýa-da myş-myşlar howsala döredip, ýalňyş urukdyrylan aksiýalara sebäp bolýar. Bu meselede Türkiýäniň soňky ýyllarda iş ýüzüne geçiren we Kommunikasiýalar edarasynyň başda durmagyndaky täze aragatnaşyk modeli bu tapgyrda dogry maglumaty ýalňyş maglumatdan tapawurlandyrmakda möhüm pozisiýa eýeleýär. Resmi maglumatyň resmi däl maglumat bilen çalşyrylmagy sosial medianyň güýji göz öňünde tutulanda iňňän kyn hem bolsa, çalt reaksiýa propogandanyň ýaýrap, kök urmagynyň öňüni alma täsirine eýedir. Şol sebäpli terror howpy bilen netijeli göreşmek üçin terroryň propogandasynyň öňüni almagyň we terror hüjümlerinden soň strategik aragatnaşygy ugrukdyrmagyň möhüm ähmiýete eýedigini kabule edeliň.

Terrorist propogandanyň öňüni almak, pikir söweşini başdan geçirýandigimizi kabul etmek bilen başlaýar. Üstün çykmak üçin diňe radikal ideologiýalara garşy durmak bilen çäklenmän, şol bir wagtda-da alternatiw umyt, noşniýetlilik we parahatçylyk garaýyşyny beýan edýän diskurslardan peýdalanmak gerek. Şol garşy diskurslar ynandyryjy, emosional taýdan seslenme döredýän we radikallygyň tarapyndan durýanlaryň täsirine açyk bolan gatlaklar üçin niýetlenmeli.

 Eýsem bu söweş haýsydyr bir guramanyň ýekelikde üstün çykjak söweşi däldir. Hökümetler, döwletiň guramalary, tehnologiýa firmalary, media, jemgyýetçilik guramalar we jemgyýet bu uly howpa garşy göreşmek üçin diňe integrirlenen strategiýa laýyklykda hereket eden halatynda üstünlik gazanylar. Şonuň üçin medianyň we tehnologiýa firmalarynyň uly jogapkärçilikleri bar. Medianyň wakany halka ýetiriş usuly, hüjümiň dowamynda alynan ýazgylaryň halka ýetirilişi, bilermenleriň seçilip alynmagy we hukuk kadalaryna laýyklykda dolanşygyň proseduralaryna laýyk hereket etmegi hem hüjümiň maksat edinen şertleriniň ýüze çykmagynyň öňüni almak hem-de strategik aragatnaşygyň netijeli iş ýüzüne geçirilmegini ýola goýmak taýdan möhümdir.

Ýekşenbe güni guralan hüjümde görülşi ýaly käbir media platformalarynyň açyk çeşmä gelip gowşan wideo we foto ýazgylary okyjylaryna ýetirmegi iň uly ýalňyşlyklardan biridir.

Media bilen bilelikde tehnologiýa firmalary radikal kontentleri kesgitlemekden we platformalardan dessine aýyrmakdan jogapkärdir. Emma tehnologiýa firmalarynyň dessine reaksiýa berme ukyby iňňän çäkli. Bu ugurdaky kanunçylyk Türkiýede bar hem bolsa, netijeli iş ýüzüne geçirilmeginde henizem kynçylyklar dowam edýär. Bu ugurda doly üstünlikli bolmak hem mümkin görünmeýär. Eýsem jemgyýetçilik düşünjäniň pes bolmagy esasy bökdençiklerden biridir. Bu ugurda tälim bermek we jemgyýetçilik guramalarynyň gaýtadan seljerilmegi mejburlykdyr. Sosial mediada şahsy jogapkärçilik nireden başlaýar we nirede gutarýar? Bu soraga jogap bermek doly mümkin bolmasa hem, Milli bilim ministrliginiň täze dünýäniň täze hakykaty bolan sosial mediadan peýdalanmak bilen bagly taslamalary iş ýüzüne geçirmek peýdaly bolar. Bu ugurda täze dersleriň okuw maksatnamasyna goşulmagy, jemgyýetçilik guramalarynyň hem bu tapgyra degişli edilmegi göreşiň döwlet we jemgyýetçilik tarapyny has netijeli ugrukdyrmak üçin möhümdir.



Degişli Habarlar