“Aksa tupany” ady bilen Ysraýyla garşy giň gerimli harby operasiýa başlady

Hepdäniň syny

2050688
“Aksa tupany” ady bilen Ysraýyla garşy giň gerimli harby operasiýa başlady

Hamasa tabynlykdaky Kassam atly harby topar bilen Gazadaky beýleki palestinaly toparlar “Aksa tupany” ady bilen Ysraýyla garşy giň gerimli harby operasiýa başlatdy. Uly taýarlyk görlenden soň garaşylmadyk ýagdaýda hüjüm guran ýaragly toparlar sebitdäki Ysraýylyň harby bazalaryny ele geçirdi, şol bir wagtda hem Ysraýylly ilatly ýerleri nyşana aldy. Ysraýyl bolsa garaşylmadyk ýagdaýda guralan hüjümden soň Gaza garşy agyr howa hüjümini başlatdy. Ysraýylyň harby goşunynyň sebite gury ýer hüjümi guramak üçin taýarlyk görmegi, Liwan-Ysraýyl serhedinde hem Hizbullah bilen wagtal-wagtal çaknyşyň bolmagy sebitde söweş howpuny has-da artdyrýar.

SETA-nyň Daşary syýasaty öwreniji alymy Jan Ajunyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Hamasyn ýaragly topary bolan İzzetin Kassam we onuň bilen birlikde hereket edýän Gaza ornaşan palestinaly toparlar garaşylmadyk ýagdaýda giň gerimli operasiýa başlatdy. Ysraýylyň razwetka gullugy we harby goşuny hem şeýle uly göwrümli operasiýanyň başlamagyna garaşmaýardy. Hüjüm palestinaly toparlaryň birnäçe wagtdan bäri gizlinlikde uly taýarlyk görendigini, tehniki taýdan uly mümkinçilige eýe bolandyklaryny görkezýär. Wideo ýazgylarda Kassamyň we beýleki toparlaryň dronlar we paramatorlar ýaly döwrebap enjamlar bilen Gazanyň daş-töweregini gurşaw alan ysraýylly 4 harby baza şol bir wagtda hüjüm edendikleri görülýär. Wideo ýazgylarda şeýle hem palestinaly ýüzlerçe söweşijiniň sebitdäki ysraýylly ilatly ýerlere girip, ol ýerleri ele geçirendikleri, soň bolsa esgerler bilen birlikde 200-e golaý adamy ýesip alyp Gaza getirendikleri görülýär. Garaşylmadyk hüjüm we çekilen ýitgiler Ysraýyly geň galdyrdy. Ysraýylyň harby goşuny Gazanyň tutan meýdanyndan 2 esse uly bolan meýdany 48 sagadyň dowamynda gözegçilik astyna alyp bilmedi, soň bolsa Gaza garşy bombaly hüjüme başlady. Onsuz hem gabaw astynda bolan Gazanyň elektrik togyny we agyz suwyny kesdi. Ysraýylly syýasy we harby ýolbaşçylar hüjüme berk reaksiýa görkezdi. Beýleki tarapyndan gury ýer hüjümleri üçin taýarlyk görülýändigi nygtalýar. Ysraýyl açyk aýdyň ýagdaýda harby jenaýat edip, 2 milliona golaý adamyň ýaşaýan ýeri bolan Gazany jezalandyrmagy saýlap aldy. Şäher dolulygyna gabaw astyna alyndy we bombaly hüjümler dowam edýär. Hüjümlerde häzire çenli müňe golaý gazaly ýogaldy. Kassam topary bolsa raketa hüjümleri we wagtal-wagtal tünellerden geçip Ysraýylyň hüjümlerine gaýtawul görkezmäge çalyşýar.

Ysraýylyň demirgazygynda Liwan serhedinde hem wagtal-wagtal çaknyşyklar bolar. Hizbullah bilen Ysraýylyň harby goşuny çaknyşýar. Çaknyşyklar güýçlenen, Ysraýylyň harby goşuny Gaza gury ýer hüjümine başlan we Liwan fronty hem açylan halatynda ýagdaý has-da çylşyrymlaşar. ABŞ-nyň sebite uçar gämiler bilen ornaşmaga başlamagy hem ünsleri özüne çekýär. Ysraýyl özüne garşy guralýan hüjümleriň arkasynda Eýranyň bardygyny nygtaýar. Soňky ýyllarda Hamasa Eýranyň harby taýdan uly kömek berýändigini hemmeler bilýär. Eýranyň sebitäki Arap-Ysraýyl kadalaşma etabyny bökdemek üçin bu ýoly saýlap alandygy öňe sürülýär. Emma bu konýektura we geo syýasy göçümlerden daşary sebitdäki hakykat hem ýatdan çykarlyp bilinmez.

Palestinalylar 75 ýyldan gowrak wagt bäri Ysraýylyň gabawy astynda. Topraklary ellerinden alynýar, ynsanlary gyrgyna berilýär. Günbatarly uly güýçler bolsa şertsiz Ysraýyla goldaw berýär. Dünýä ýurtlary Ysraýyla däl eýsem Palestina we 2 döwetli çözgüde goldaw bermeli. Paýtagty İýerusalim bolan garaşsyz, özygtyýarly Palestina döwleti gurulmazdan sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagy mümkin däl.


Etiketkalar: #Palestina , #Ysraýyl , #Hamas

Degişli Habarlar