Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary

Ýewraziýa syn

2060333
Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary

2023-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Gazagystanda Bütindünýä ilkinji tiz kömek hyzmady atly konferensiýa geçirildi. Konferensiýa Gazagystanyň Prezidenti Kassym-Žomart Tokaýew hem gatnaşdy. Prezident Tokaýew, konferensiýa gatnaşmak üçin Gazagystana gelen Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň  Baş müdüri Tedros Adhonam Ghebreýesusy kabul etdi.

2023-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Lüksemburgda 19-njy Merkezi Aziýa we ÝB-ne agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň maslahaty geçirildi. Maslahata Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň daşary işler ministrleri bilen ÝB-niň ýokary derejeli ýolbaşçylary gatnaşdy. Maslahata Merkezi Aziýa-ÝB hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagy baradaky iş meýilnamasy kabul edildi we Russiýa goýlan embargolaryň dowam etdiriljekdigi nygtaldy.

23-nji oktýabrda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirzioýew USAİD-iň Başlygy Samanta Jeýn Poweri kabul etdi. 24-nji oktýabrda Samarkantda Merkezi Aziýa bilen ABŞ-nyň ykdysadyýet we söwda ministrleriniň ilkinji maslahaty geçirildi. Maslahatda sebitleýin bitewileşme, sebit ýurtlarynyň USAİD bilen hyzmatdaşlygynyň netijeliliginiň artdyrylmagy hakynda pikir alyşyldy. Maslahatyň ahyrynda USAİD bilen sebit ýurtlarynyň arasynda gümrük işlerinde sanly ulgama geçirilmegi we sebitiň uglerotdan saplanmagy hakynda ähtnama gol çekişildi.

26-njy oktýabrda Bişkek şäherinde Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlaryň hökümet ýolbaşçylarynyň maslahaty geçirildi. Maslahata agza we synçy ýurtlaryň hökümet ýolbaşçylary gatnaşdylar. Maslahatyň ahyrynda käbir ylalaşyklara gol çekişildi. Gyrgyzstanyň Prezidenti Sadyr Japarow maslahata gatnaşan hökümet ýolbaşçylaryny kabul etdi.

Şol gün Bişkekde GDA-nyň hataryna girýän ýurtlaryň Hökümet ýolbaşçylarynyň maslahaty geçirildi. Maslahata agza ýurtlaryň hökümet ýolbaşçylary gatnaşdylar. Maslahatyň ahyrynda 12 resminama gol goýuldy.

26-njy oktýabrda Daşkentde Özbegistan bilen Gazagystanyň Parlamentara Geňeşiniň 1-nji maslahaty geçirildi. Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Gazagystanyň Mejlisiniň Başlygy Ýerlan Koşanowy kabul etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 25-26-njy oktýabrda Türkiýä ilkinji resmi saparyny gurady.  Prezident Berdimuhamedow Ankarada Prezident R.T.Erdogan bilen duşuşdy. Duşuşykdan soň iki ýurduň arasynda 13 resminama gol çekişildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkiýe-Türkmenistan İşewürler Maslahatynyň açylyşyna gatnaşdy.

 

23-nji oktýabrda Tähranda Russiýanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Eýranyň we Ermenistanyň Daşary işler ministrleriniň 3+3 formatyndaky maslahaty geçirildi. Maslahatda Günorta Kawkazyň ýany bilen Ýakyn Gündogardaky soňky wakalar hem seljerildi. Gruziýa maslahata häzirlikçe gatnaşmady. Daşary işler ministrleriniň 3+3 formatyndaky nobatdaky maslahaty Türkiýede geçiriler.

24-nji oktýabrda Azerbaýjanyň döwlet Ýolbaşçysy Ilham Aliýew Türkiýäniň Goranmak ministri Ýaşar Güler kabul etdi. Ministr Güler “M.K.Atatürk-2023” Bilelikdäki harby türgenleşige syn etmek üçin Azerbaýjana barypdy.

25-26-njy oktýabrda Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa Türkiýä resmi etdi. Gafarowa Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Numan Kurtulmuş bilen duşuşdy.

26-njy oktýabrda Tibiliside Halkara Ýüpek ýoly forumy geçirildi. Foruma Azerbaýjanyň we Ermenistanyň Premýer-ministrleri gatnaşdylar.



Degişli Habarlar