Ysraýylyň Gazada dowam edýän hüjümleri

Hepdäniň Syny

2065595
Ysraýylyň Gazada dowam edýän hüjümleri

Ysraýylyň Gazada dowam edýän hüjümleriniň ortasynda her gün asuda ilatdan münlerçesiniň ýogalýan tragiki ýagdaý ýüze çykýar. Oňa bäbekleriň we çagalaryň wagşylarça öldürilmegi, göwreli aýallaryň we dünýä inmedik çagalaryň gyrylmagy we ýaralylary hassahana ýetirýän tiz kömek ulaglarynyň nyşana alynmagy ýoldaşlyk edýär. Suw, ýangyç, elektrik togy we internet elýeterliligi ýaly hyzmatlary kesilen hassahanalar, mekdepler, bosgun düşelgeleri bombalanýar. Sanlary onlarça müňe ýeten ýaragsyz adam öýlerini terk etmäge mejbur bolan bolsa, Günbatar Şeriada palestinalylar Ysraýylyň esgerleri tarapyndan köpçülikleýin saklanýarlar. Bikanun ýehudi ýaşaýyjylary ýaragly palestinalylara garşy terror aksiýalaryny guraýan bolsa, Ysraýylyň esgerleri faşistleriň ýehudilere eden çemeleşmesine öýkünýän ýaly, saklanan adamlaryň aýaklaryna sanlardan ybarat gandallar dakýar.

SETA-nyň Howpsuzlyk bölüminiň Direktory Professor Murat Ýeşiltaşyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Soňky 40 günde edilen bu rehimsiz we uzak möhletli gyrgynçylyk we genosid, Ysraýylyň hamala kanuny goranyş hukugyndan peýdalanmagy görnüşinde rasionallaşdyrylýar. Ysraýylyň Premýer-ministri Netanýahu, ýehudileriň dini üstünligine esaslanýan söweş retorikasyny güýje girizen bolsa, teopolitik diskurslar Waşingtonda uly goldaw tapýar.

Bular başdan geçirilýärkä gynansagam ABŞ-nyň başda durmagynda günbatar ýurtlarynyň esasy bölegi diňe dymmak bilen çäklenmeýär, şol bir wagtda Ysraýylyň hamala kanuny goranyş hukugy hökmünde häsýetlendiren zadyna uly goldaw berýär. Günbataryň esasy media organlary bu wagşylygy tarapgöýlik we mese-mälim duýulýan ýerliksiz garaýyş bilen beýan edýär. Gazada öldürilen bäbekler, çagalar we zenanlar “öldi” diýlip, habar berilýän bolsa, Ysraýylda ýogalanlar “öldürildi” görnüşinde häsýetlendirilýär. Bu ikiýüzlilik we Ysraýylyň aksiýalaryny kanunylaşdyrýan asgyn diskurs, halkara jemgyýetçiliginde Ysraýyl üçin “ýeňillik” döredilendigini görkezýär.

Döwrebap halkara ulgam diňe bir material güýje esaslanmaýar; şol bir wagtda 1945-nji ýylda BMG-niň ulgamynyň döredilmegi bilen bilelikde düzgünlere esaslanýan halkara ulgam gurulmaga çalşyldy. Döwlet, halkara guramalaryny döredip we düzgünleri kesgitläp, çaknyşyklaryň öňüni almaga, gurbanlary agressiýadan goramaga we parahatçylykly global ulgam döretmäge özlerini bagşetdiler. Aýratynam 2-nji Jahan urşundan soň adam hukuklaryny ileri tutýan giň gerimli resminamalar düzüldi. Maksat, döwletleri şol düzgünleriň öňünde borçlandyryp, parahatçylykly halkara ulgam döretmekdi. Emma, bu ulgamyň esaslandyryjysy bolan günbataryň halklary esasan şol standartlary berjaý etmekde başarnyknyz boldular.

Günbatar ýurtlarynyň Ysraýylyň Gazadaky wagşyçylygyna görkezýän reaksiýasy, günbataryň çökýän normatiw agalygyny mese-mälim görkezýär. Şol agalygyň ýykylyşy Gaza bilen başlady. Günbataryň toslama normatiw gigomoniýasy onsuz hem ynamdan gaçypdy. ABŞ-nyň Yragy basyp almagy galp jedellere esaslanypdy we 1 milliona barabar adamyň ölmegine sebäp boldy. Arap pitneleri başanda, demokratiýa diskursynyň islege bagly güýje girizilýän serişdedigini subut edipdi. Müsürde Sisiniň liderligindäki harby agdarlyşykdan son günbataryň mediasyny ony “demokratiýanyň abatlanmagy” hökmüde atlandyrypdy. Soň Sisi Ýewropanyň paýtagtlarynda Ýakyn Gündogarda durnuklylygyň simwoly hökmünde garşy alyndy. Siriýada Asadyň himiki ýarag ulanmagyndan soň günbatar degişli çäre görmedi. ABŞ, Siriýanyň demirgazygyna DEAŞ bilen söweşi bahana edip, terror guramasy PKK-nyň bir bölegi bolup durýan ÝPG bilen ýaranlyk döretdi. Fransiýa “Lafaž” firmasynyň Siriýada DEAŞ-yň gözegçiligindäki ýerlerde iş alyp barmagyna rugsat berdi. Ençeme Ýewropa ýurdy PKK-ny terror guramasy hökmünde ykrar eden hem bolsa, öz çäklerinde PKK-nyň iş alyp barmagyna ýol berdi. Bularyň ählisi günbataryň normasy diňe strategik bähbitleri üçin ulanan mysallaryndan käbirleri.

Russiýanyň Ukraina hüjümleriniň başlamagyndan soň günbatar Putini biragyzdan döwrebap Gitler hökmünde suratlandyrdy we ony asuda ilaty gyran, gumanitar binalary ýykyp-ýumurýan, adamlary öz ýurdunda bosguna öwüren, Ukrainanyň territorial bitewiligine howp salýan rehimsiz diktatör hökmünde häsýetlendirdi. Emma bu normatiw pozisiýa Ysraýylyň Gazadaky rehimsiz harby operasiýasy bilen dolulygyna ýumruldy.

Günbataryň normatiw üstünliginiň ejizlemegi wagtlaýyn däl we agyr netijeleri ýüze çykarmaga başlady. Esasy netijelerinden biri normalary bolmadyk täze halkara ulgamyň gözegçiliksiz ýagdaýda ýüze çykma ähtimallygydyr. Ol iňňän möhüm, eýsem düzgüni bolmadyk ulgam anarhiki ulgamyň ýüze çykmagyna sebäp bolar. İkinjisi bolsa günbatarly we günbatarly bolmadyk dünýäniň arasyndaky tapawudyň açylmagy we şahsyýet esasly çaknyşyklaryň artmagydyr. Ol, Hantingtonyň öňe sürüşi ýaly medeniýetleriň çaknyşygy görnüşinde däl, eýsem geljegiň halkara ulgamy görnüşiden çuňňur şahsyýetler çaknyşygy görnüşinde ýüze çykyp biler. Bu howp 7-nji oktýabrdan bäri güýçlendi. Global ulgam Ysraýylyň rehimsiz wagşyçylygynda Gazanyň ýanynda durýar. Dördünjisi bolsa Russiýa bilen Hytaýyň bar bolan syýasatlarynyň potensial taýdan güýçlenmegidir. İki güýç hem öz normalaryna esaslanýan gymmatlyklarynyň üstüne jemgyýetçilik ulgam döredýär. Bäşinjisi bolsa musulman dünýäniň günbatarly däl geosyýasy ulgamda birleşme ähtimallygydyr. Belkem 7-nji oktýabrdan soň başdan geçirilen we Ysraýyly goraýan ýeňillikli şertleriň iň ähtimal netijelerinden biridir.


Etiketkalar: #hüjüm , #Gaza , #Ysraýyl

Degişli Habarlar