Yrakda we Siriýada guralýan hüjümler

Hepdäniň syny

2090967
Yrakda we Siriýada guralýan hüjümler

Terror guramasy PKK-nyň Yragyň demirgazygyndaky daglyk ýerlerde türk goşunyna garşy guran terrorçylykly hüjümlerinden soň Türk Howa güýçlerine we Milli howpsuzlyk gullugyna degişli ýaragly uçarmansyz howa ulaglary Yrakda we Siriýada guran howa hüjümleri bilen Jezalandyrma operasiýasyny geçirdi. Türkiýe, terror guramasynyň guran hüjümleriniň yzy ýanyndan Yraga we Siriýa giň gerimli howa hüjümini guramaga başlady. Operasiýalarda esasan Siriýada terror guramasynyň energetika infstrukturasynyň we önümçilik desgalarynyň nyşana alynmagy sebäpli ünsler PKK-nyň Siriýadaky nebit we tebigy gaz merkezlerine gönükdi.

SETA-nyň Daşary syýasaty öwreniji alymy Jan Ajunyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris

Terror guramasy PKK, gyş paslynda umuman gyşky merkezlerine çekilýärdi. Şol döwürde özüni goramaga çalyşýardy we harby tälimler geçirýärdi. Emma soňky döwürde esasan Yragyň demirgazygyndaky daglyk ýerlerde Türk ýaragly güýçlerine garşy yzly-yzyna hüjümler gurady. Amatly howa şertlerinden peýdalanyp, guramanyň ýeňilendigi psihalogiýasyndan halas bolmak we tarapdarlaryna biz öz güýjümizi gorap saklaýarys diýmek üçin şeýle hüjümler guraýandygy aýdylyp bilner. Terror guramasy bu hüjümlerde uly ýitgi çekdi. Emma bu ýerde halkara konýektura we Ysraýylyň Gazadaky hüjümleri sebäpli emele gelen täze sebitleýin güýç göreşini hem öz içine almak bilen guramanyň özüne goldaw berýän toparlara täsirini dowam etdirýändigini görkezmek isleýändigi ýatdan çykarylmaly däl. Bu hüjümler guraldy we Türkiýe yzyna ýanyndan terror guramasyna agyr zarba urdy. Terrora guramasyna garşy guralýan giň gerimli hüjümleri Jezalandyrmak operasiýalary hökmünde häsiýetlendirip bileris.

Ilkinji gezek Stambulda Garaşsyzlyk köçesinde guralan terrorçylykly hüjümden soň PKK-nyň Türkiýede, Yrakda we Siriýada guran terrorçylykly hüjümlerinden soň guramanyň esasan Siriýadaky toparlaryna howa hüjümleri bilen agyr zarba uruldy. Soňky terrorçylykly hüjümlerden soň Türk ýaragly güýçlerine we Milli Howpsuzlyk gullugyna degişli ýaragly uçarmansyz howa ulaglary Siriýada terror guramasynyň energetika infstrukturasy we önümçilik desgalary bilen birlikde strategiýa taýdan uly rol oýnaýan onlarça desgany nyşana aldy. Süweýdadaky nebit gaz önümçilik desgalary, Odeh nebit giňişligi nyşana alyndy we hatardan çykaryldy. Terror guramasy PKK, ABŞ-nyň goldaw bermeginde Siriýadaky energetika desgalarynyň 70 göterime golaýyna gözegçilik edýär. Şol desgalarda günde 300 müň barrel nebit öndürilýär we milliardlarça dollarlyk girdeji gazanylýar. Türkiýaniň geçirýän operasiýalary PKK-nyň şol mümkinçiliklerden peýdalanmagyny bökdeýär. PKK-nyň nebit önümçiliginden girdejy gazanmagy bökdelýär. Öňümizdäki günlerde Türkiýe howa hüjümleriniň göwrümini giňeltmek bilen dowam etdirip biler.

 

 

 



Degişli Habarlar