Ysraýylyň Gazadaky basyp alyşy dowam edýär

Hepdäniň Syny

2113046
Ysraýylyň Gazadaky basyp alyşy dowam edýär

 Hamas we beýleki palestinaly guramalaryň Ysraýyla garşy başladan Aksa tupany operasiýasyndan soň Ysraýylyň Gazadaky basyp alyşy dowam edýärkä 2,5 million adamyň ýaşaýan 360 inedördül kilometrlik zolak ähli tarapdan gabaw astynda saklanýar. Ysraýyl howadan we gury ýerden sebite hüjüm edýär. Asuda ilaty bilkastlaýyn öldürýär. Ynsanperwer kömekleriniň ýetirilmegine ýol berilmeýar, indi adamlar, esasanda çagalar we bäbekler açlykdan ýogalmaga başlady. Dünýä bolsa synçy bolmagynda galýar.

SETA-nyň Daşary syýasaty öwreniji alymy Jan Ajunuň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Ysraýylyň Gazadaky basyp alyşy dowam edýär. Şäheriň tas 80 göterimi ýykyldy. 2,5 milliona barabar adamyň ýaşaýan 360 inedördül metrlik zolak ähli tarapdan gabaw astynda saklanýar. Howadan we gury ýerden 24 sagadyň dowamynda bombalanýar. Ysraýyl munuň bilen hem çäklenmän, sebite ynsanperer kömekleriň geçirilmegini bökdeýar. Häzirki wagtda-da demirgazyk Gazada gysylyp galan asuda ilat açlyk çekýär. BMG-niň soňky maglumatlaryna görä köp sanly çaga we bäbek azyk we suw ýetmezçiligi sebäpli pida boldy. Onlarça müň adamyň bilkastlaýyn öldürilen sebitinde indi adamlar azyk we suw ýetmezçiligi sebäpli hem ýogalýar. Bular gynansagam bütin dünýäniň gözüniň öňünde bolýar. ABŞ-nyň başda durmagynda günbatar ýurtlary özlerini halas etmek üçin dürli diskurslary we aksiýalary iş ýüzüne geçirýän hem bolsalar, esasanda Ysraýylyň basyp alyşyny we gyrgynçylygyny hem harby hem-de syýasy taýdan goldaýarlar. Esasanda ABŞ howa köprüsi arkaly tas her gün Ysraýyla harby kömek ugradýan bolsa, BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi ýaly guramalar bolsa Ysraýylyň bähbidine pozisiýa eýelemäge dowam edýär. Baýden Netanýahudan dürli talaplara garaşýan hem bolsa, hüjümleriň bes edilmegi meselesinde Ysraýyly goldamaga dowam edýär.

Gazada edilýän gyrgynçylyklar çagalaryň we bäbekleriň indi açlykdan hem-de suwsuzlykdan ölýän ýagdaýyna ýetdi. Ysaraýyly goldaýan günbatar dünýäsi elbetde bu jenaýatlaryň ählisine şärik. Günbatarda global wyždan hereketiniň bir bölegi bolup durýan köp sanly adam bar. Olar seslerini çykarmakdan, aksiýalary guramadan çekinmeýärler. Emma döwletler derejesinde syýasat üýtgemeýär.

Netanýahunyň harby kabineti Hamasy harby taýdan ýok etjekdigini bilýär, şol sebäpli esasan Hamasy däl, Gazany ýok etmek, asuda ilaty gyrmak we adamlary Sina ýarym adasyna göçürmek isleýär. Türkiýe we Günorta Afrika ýaly ýurtlar şol düşünje bilen ellerinden geleni etmek we Ysraýyla garşy wyždan koalisiýasyny döretmek ugrunda tagalla edýär. Emma ne musulman ýurtlary ne-de beýleki ýurtlaryň Ysraýyla garşy wyždan koalisiýasyny döretmegiň ugrunda. Bolan ýene-de Gazada asuda ilata, çagalar we bäbeklere bolmagynda galýar.

Eýrany goşa dyrnak arasyna almak ýerlikli bolar. Eýran we onuň wekil güýçleri Hizbullah hem-de Husiler pes ýygylykda bolsa hem Ysraýyla harby çäreleri görýar. Husileriň Gyzyl deňizi we Babal Mendebi kesmekleri şol jähtden netije berene meňzeýär. Emma Ysraýyly el çekdirmek üçin ýeterlik däl. Esasanda Hizbullah söweşiň başynda berk retorikasyny dowam etdirmän, Ysraýyla garşy söweşjekdiklerini beýan edendigine garamazdan yza tesdi. Bu ýerde elbetde ABŞ-nyň sebitde ornaşdyran harby güýji we abaý-syýasaty öz täsirini görkezdi.

Jemläp aýdanymyzda musulman ýurtlary ne diplomatik we syýasy ne-de harby taýdan Ysraýyla ýüz öwürdiji işe girişmediler. Günbatar ýurtlary bolsa ABŞ-nyň we Britaniýanyň başda durmagynda Ysraýylyň gyrgynçylyklaryna şärik boljak deredjede harby we syýasy goldawyny dowam etdirýär.


Etiketkalar: #Gaza , #Ysraýyl , #Hamas

Degişli Habarlar