“11 aýyň soltany” häsýetlendirilýän Remezan aýy başlady

Yslam dininiň başlangyç ybadatlaryndan biri hem Oraz aýynda agyz beklemekdir

2113613
“11 aýyň soltany” häsýetlendirilýän Remezan aýy başlady

Musulman dünýäsinde “11 aýyň soltany” häsýetlendirilýän Remezan aýy şu gün başlady. Şu günden başlap bir aý möhlet bilen Türkiýede we bütin musulman ýurtlarynda Oraz aýynyň gözellikleri başdan geçiriler.

Yslam dininiň başlangyç ybadatlaryndan biri hem Oraz aýynda agyz beklemekdir.

Oraza adamyň niýet edip, daňyň atmaga başlamagyndan günüň batmagyna çenli nebsine höküm etmegi manysyny aňladýar. Şol möhletde iýmekden, içmekden daşda durulmaly. Orazada nebse, arzuwdyr isleglere höküm edip, mätäjiň halyny duýmak bardyr. 
Oraz aýynyň agyz beklemekden daşgary ybadatlaryndan biri hem tarawa namazydyr. Tarawa Oraz aýyna degişli gijeki namazdyr. Ýassy namazyndan soň okalýar. Aýal-erkek her bir musulman üçin hökmany bolan namaz däl. Emma sogapdyr. Ýekelikde okalyp bilnişi ýaly jemagat bilen okalmagy has ýerlikli hasap edilýär.

Musulmanlaryň mukaddes Remezan aýynyň düşümli bolmagyny arzuw edýäris.



Degişli Habarlar