Türkiýedäki ýerli saýlawlary netijeleri

Hepdäniň syny

2125625
Türkiýedäki ýerli saýlawlary netijeleri

2024-nji ýylyň 31-nji martynda geçirilen ýerli saýlawlar Türkiýede demokratik kämillikde guraldy. Syýasy bäsdeşligiň ses bermek arkaly kesgitlenmegi Türkiýede demokratiýanyň berçinleşendiginiň görkezijisi kabul edilýär. Gatnaşyk mukdary 78,55 bolan saýlawda 37,76 göterim ses mukdary, 14 esasy uly şäherde, 21 welaýatda Respublikan halk partiýasy birinji orun eýeledi. İlkinji üns çekýän faktorlardan biri gatnaşygyň pes bolmagy we şol sebäpli Ak partiýanyň saýlawçysyndaky ýitgiler. Birnäçe jähtden ýerli saýlawyň netijeleri Türkiýäniň syýasatyna täsirini ýetirjege meňzeýär.

SETA-nyň daşary syýasaty öwreniji alymy Jan Ajunyň tema baradaky synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

RHP ses mukdaryny 3,3 million artdyran bolsa, Ak partiýa ses mukdaryny mundan öňki saýlawa görä 4,2 million azaltdy. Uly şäherlerde “saýlawçylarda ýaranlyk” maksadyna gulluk eden DEM partiýanyň we IÝI partiýanyň sesleriniň esasy bölegi Respublikan halk partiýasyna gidendigi görülýär. RHP hem öz saýlawçysyny ugrukdyrdy hem-de ýakyn partiýalaryň saýlawçylaryndan güýçli goldaw alyp, taryhynda ýetmedik derejelerine ýetdi. Bu netijeler bilen ýerli saýlawlarda ykdysady ýagdaýa görkezilen reaksiýanyň öňe saýlanandygyny aýdyp bileris. RHPi 2019-njy we 2023-nji ýyllardaky ýaranlyklaryny saýlawçy derejesinde tapawutly görnüşde hem bolsa dowam etdirmegiň hötdesinden geldi.

 Uly şäherler bilen bilelikde RHP-nyň käbir konserwatiw Anadoly şäherlerinde-de häkimlikleri almagy täze bir hakykaty ýüze çykardy. RHP-nyň Başlygy Özel saýlawyň netijelerini “täze bir syýasy yklymyň gapysynyň açylmagy” we “ähli syýasy partiýalar üçin başlangyç” hökmünde häsýetlendirdi. Özgerlişik şygary bilen ýola çykan RHP-nyň ýolbaşçylarynyň bu faktory yzgiderlilige öwürip-öwürmejekdigini geljekki ýyllarda belli bolar.

2023-nji ýylyň maý aýyndaky prezident we parlament saýlawlarynyň ýeňijisi Ak partiýa bolsa ýerli saýlawda 25,48 göterim ses, 12 uly uly şäherde, 12 welaýat bilen syýasy durmuşynda ilkiji gezek ikinji orny eýeledi. Ol 2002-nji ýyldan bäri ilkinji gezek ýüze çykan ýagdaý. Saýlawa gatnaşmadyklaryň we kabul edilmesiz ses berenleriň 15 million barabar bolan saýlawynda Ak partiýa garaşylmadyk saýlawçy reaksiýasyna sezewar boldy. Şol jähtden Ak partiýanyň saýlawçylarynda ders berme isleginiň asgyn gelendigi görülýär. Kowid 19 pandemiýasyndan bäri ykdysadyýetdäki kynçylyklaryň çuňlaşmagy we çözgüt meselesinde öňegidişligiň bolmazlygy hem onuň esasy sebäplerinden biri.

Prezident Erdogan saýlaw agşamsy eden balkon çykyşy bilen 31-nji martdaky saýlawy “öwrülşik nokady” hökmünde häsýetlendirip, saýlawyň netijesini özgerlişik üçin peýdalanjakdygyny duýdurdy. Milli ygtyýara goýýan sarpasyny ýene-de bir gezek beýan eden Erdogan, demokratiýanyň mümkinçilikleri hakynda durup geçdi. Ak partiýanyň özgerlişik we netije çykarma mejburlygyna ünsi çekip, “batyrgaýlyk bilen seljeriş etjekdiklerini” beýan etdi.

Geljek 4 ýyllyk iş döwrüni ýokary depginde dowam etdirjekdigini aýdan Erdogan, hem möhletinden irki saýlaw ähtmallygy bilen bagly diskussiýalaryň öňüni aldy hem-de partiýanyň organlarynyň göwnüni galkyndyrdy. Ak partiýa üçin “öwrülşik nokady”, RHP üçin “başlangyç” bolan 31-nji martdaky ýerli saýlawlary 2028-nji ýyla çenli Türkiýäniň depginli döwri başdan geçirjekdigini görkezýär.

Häkimiýet başyndaky Ak partiýa özgerlişigi ýola goýup, pes girdejili gatlaklaryň hal-ýagdaýyny gowulandyran halatynda saýlawçylaryny yzyna getirip biler. RHP bolsa bu saýlawdaki üstünliklerini berkitmek üçin indi has agyr syýasy ýüküň aşagynda.  


Etiketkalar: #dolanşyk , #netije , #saýlawlar

Degişli Habarlar