Azerbaýjanyň Goşunlary Ýene-de 16 Obany Ermeni Basyp Alyşlygyndan Halas Etdi

Häzire çenli 4 şäher merkezi, 3 etrapça we 200-den gowrak oba bilen esasy depeleri Ermenistanyň basyp alyşlygyndan halas edildi

1523659
Azerbaýjanyň Goşunlary Ýene-de 16 Obany Ermeni Basyp Alyşlygyndan Halas Etdi

 

Azerbaýjanyň Prezidenti İlham Aliýew, Azerbaýjanyň goşunlarynyň ýene-de 16 obany Ermenistanyň basyp alyşlygyndan halas edendigini habar berdi.

Aliýew, Twitterden beren habarnamasynda, “Azerbaýjanyň şanly goşunlary, Fuzuliniň Ýokarky Weýselli, Ýokarky Seýitahmetli, Gorgan, Üçünji Mahmutlu, Gaçar we Diwanalylar, Jebrailiň Ýokarky Mezre we Ýanarhaj, Gubadlygynyň Gezýan, Balasoltanly we Merdanly, Zengilanyň Beşdeşi, Hojalynyň Karabulak we Moşhmaat, Hojanwendiniň Atagut we Tsakuri obalaryny basyp alyşlykdan halas etdi. Ýaşasyn Azerbaýjanyň goşunlary. Garabag Azerbaýjandyr” diýdi.

Azerbaýjanyň goşunlary, Daglyk Garabagda 27-nji sentýabrda başlan operasiýalarynda häzire çenli 4 şäher merkezini, 3 etrapçany we 200-den gowrak oba bilen esasy depeleri Ermenistanyň basyp alyşlygyndan halas etdi.



Degişli Habarlar