Aliýew: "Türkiýäniň ruhy we syýasy goldawy ýeňişimizde uly rol oýnady" diýdi

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Türkiýäniň ruhy we syýasy goldawynyň ýurdunyň ýeňişinde uly rol oýnandygyny belledi

1526094
Aliýew: "Türkiýäniň ruhy we syýasy goldawy ýeňişimizde uly rol oýnady" diýdi

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Daglyk Garabagdaky operasiýalarda ýaralanan esgerleriň bejergi alýan hassahana baryp gördi. 

II Garabag söweşiniň taryha Azerbaýjanyň şanly ýeňişi hökmünde ýazyljakdygyny aýdan Aliýew, ýeňişiň gazanylmagy üçin bütin halkyň birlik we jebislik görkezendigini mälim etdi. 

Ilham Aliýew, ençeme ýyl ata watanlaryndan uzakda ýaşamaga mejbur galan we gaçgak diýip häsýetlendirilen raýatlaryň indi bu atdan azat bolandygyny, olaryň gysga wagtyň içinde öz ýerlerine gaýdyp barjakdygyny habar berdi. 

Döwlet hökmünde şol adamlaryň yzyna gaýdyp barmaklary üçin ellerinden gelenini etjekdiklerini aýdan Aliýew: "Emma ilki bilen howpsuzlyk çäreleri görülmelidir. Duşman şol sebitiň her ýerine diýen ýaly mina ýerleşdirdi. Indi mina saplamak işleri başlamalydyr. Bu işe halkara guramalary hem goşarys. Sebäbi muny gysga wagtyň içinde etmek üçin öz mümkinçiliklerimiz çäklidir. Ilki bilen howpsuzlyk, soň infrastruktura, ondan soň bolsa gurluşyk meseleleri çözüler" diýip mälim etdi. 



Degişli Habarlar