Azerbaýjan ermeni ministriň Daglyk Garabaga guran saparyna reaksiýa bildirdi

Azerbaýjan Ermenistanyň Daşary işler ministri Ara Aýwazýanyň Daglyk Garabaga sapar gurap, ermeni ýolbaşçylar bilen duşuşyk geçirmegine reaksiýa bildirdi

1558270
Azerbaýjan ermeni ministriň Daglyk Garabaga guran saparyna reaksiýa bildirdi

Azerbaýjanyň Daşary işler ministrliginden berilen beýanatda, Ermenistanyň Daşary işler ministri Ara Aýwazýanyň saparynyň we Daglyk Garabagda käbir şertnamalara gol çekmeginiň Russiýa, Azerbaýjan we Ermenistan tarapyndan 10-njy noýabrda gol çekilen üçtaraplaýyn şertnama bap gelmeýändigi, çaknyşyklardan soň sebitde parahatçylyk, howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak bilen bagly tagallalara ters gelýändigi habar berildi. 

Beýanatda 10-njy noýabrda gol çekilen ylalaşykda Ermenistanyň Premýer ministri Nikol Paşinýanyň golunyň bardygy ýatladylyp: "Ermenistanyň hökümeti bu meselede öz üstüne  düşýän jogapkärçilikleri kabul etdi. Ýeriwanyň hökümetiniň bu jogapkärçiliklerini berjaý etmezligi öjükdiriji bir hereketdir. Içerki syýasat üçin edilýän bular ýaly aksiýalar sebitde ýagdaýyň kadalaşmagyna goşant goşmaz. Ermenistanyň ýolbaşçylary esassyz hyýallary bilen hereket etmeli däl, sebitdäki täze hakykaty kabul etmelidir. Üçtaraplaýyn ylalaşygyň düzgünleriniň berjaý edilmegi we sebitde emele gelen täze howpsuzlyk formaty, mundan başgada hyzmatdaşlyk mümkinçikleri bilen bagly edilen ädimler parahatçylyk içinde ýaşamaga goşant goşup biler. Ediljek ters hereketler bolsa dartgynlygy artdyrmakdan başga peýda getirmez" diýip aýan edildi

Ermenistanyň Daşary işler ministri Ara Aýwazýan, düýn Daglyk Garabaga gidip, ol ýerdäki ermeni ýolbaşçylar bilen duşuşyklar geçiripdi. 


Etiketkalar: #Ermenistan , #Azerbaýjan

Degişli Habarlar