Türkiýeli we Azerbaýjanly esgerlere statiki böküş tälimi berildi

Türkiýäniň we Azerbaýjanyň Ýaragly güýçleriniň harbylaryna Gyş-2021 harby türgenleşiginiň çäginde "Statiki böküş tälimi" berildi

1578929
Türkiýeli we Azerbaýjanly esgerlere statiki böküş tälimi berildi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginiň Twitter hasabyndan berilen beýanatda: "Bürgüt bolar uçar asmanda, arslan bolar kükrär ýerde, bir dessandyr tolkun-tolkun köňüllerde" ýazgysy bilen wideo ýazgy paýlaşyldy. 

Paýlaşylan wideoda Gyş-2021 harby türgenleşiginiň çäginde "Statiki böküş tälimi" berilen türk we azerbaýjanly harbylaryň tälim tapgyry bilen bagly wideo ýazgylary hem bar. 



Degişli Habarlar