Ermenistan tarapyndan goýulan minananyň partlamagy netijesinde ýene-de bir Azerbaýjanly ýogaldy

Ozal hem Ermenistanyň Ýaragly güýçleri tarapyndan ýerleşdirilen minalaryň partlamagy netijesinde Azerbaýjanyň asuda halkyndan we harbylaryndan ençeme adam ýogalypdy

1586777
Ermenistan tarapyndan goýulan minananyň partlamagy netijesinde ýene-de bir Azerbaýjanly ýogaldy

Azerbaýjan tarapyndan halas edilen Talyş obasynda, ermenistanly esgerler tarapyndan goýulan minanyň partlamagy netijesinde Azerbaýjanyň raýaty bolan asuda ilatdan 1 adam ýogaldy. 

Azerbaýjanyň Baş prokuraturasyndan berilen beýanatda, partlan minanyň basyp alyşlyk zamanynda Ermenistanyň esgerleri tarapyndan ýerleşdirilen taňka garşy minadygy mälim edildi.

Ozal hem Ermenistanyň Ýaragly güýçleri tarapyndan ýerleşdirilen minalaryň partlamagy netijesinde Azerbaýjanyň asuda halkyndan we harbylaryndan ençeme adam ýogalypdy. 



Degişli Habarlar