Asada tabynlykdaky güýçler Halaba hüjüm gurady

Asada tabynlykdaky güýçler 30-njy dekabrda çaknyşyklaryň bes edilmegi üçin gazanylan ylalaşyga garamazdan her gün ylalaşygy basgylamaga dowam edýär

650005
Asada tabynlykdaky güýçler Halaba hüjüm gurady

Siriýada Asada tabynlykdaky güýçleriň Halabyň günbatarynda we günortasynda guran hüjümlerinde 4-i çaga 8 adam ýogaldy, 11 adam ýaralandy.

Siriýanyň ýaragly güýçlerine degişli harby uçaryň Halabyň günbataryndaky Beke obasyny nyşana alandygy habar berildi.

Asada tabynlykdaky topçy güýçleriň Halabyň günortasyndaky Benen Al Hys etrapçasyna guran hüjümlerinde hem 1 çaganyň ýogalandygy nygtaldy.

Asada tabynlykdaky güýçler 30-njy dekabrda çaknyşyklaryň bes edilmegi üçin gazanylan ylalaşyga garamazdan her gün ylalaşygy basgylamaga dowam edýär.

 



Degişli Habarlar