ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky hyzmatdaş güýçleri Siriýada Russiýada öndürlen bir taňky nyşana aldy

Siriýada terror guramasy DAIŞ-e garşy geçirlen operasiýada ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky hyzmatdaş güýçleri Russiýada öndürlen bir tanky nyşana aldy

910208
ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky hyzmatdaş güýçleri Siriýada Russiýada öndürlen bir taňky nyşana aldy

Mesele hakynda ABŞ tarapyndan berlen beýanatda 10-njy fewralda Siriýanyň Deýrezzor şäheriniň günortasyndaky Tebiýe obasynyň golaýynda Russiýada öndürlen tankyň hyzmatdaş güýçleriniň ýerleşýän etrapçasyna ot açandygyny nygtady.

Hyzmatdaş güýçleriniň özüni goramak maksady bilen hereket edendigini aýdan Amerikaly polkownik Dillon Russiýada öndürlen T-72 kysymly tankyň nyşana alynandygyny nygtady.

Waka ýalňyş çemeleşilmeginiň öňüni almak üçin rus güýçlerine maglumat berlendigini ýatladan Dillon, tankyň kime degişlidigi barada bolsa maglumat bermedi.


Etiketkalar: #ABŞ , #Russiýa , #taňk

Degişli Habarlar