Husiler Saud Arabystanynyň serhet liniýasyndaky ýerlerine hüjüm gurady

Ýemendäki Husiler, Saud Arabystanynyň günorta-günbataryndaky Jazan welaýatynyň serhet liniýasyna toplar bilen hüjüm gurandyklaryny, wakada ýogalan we ýaralanan saud arabystanly esgerleriň bardygyny mälim etdi

1251700
Husiler Saud Arabystanynyň serhet liniýasyndaky ýerlerine hüjüm gurady

Eýran tarapyndan goldanýan Husilere degişli “El-Mesira” telewideniýesiniň harby çeşmelere esaslanyp beren habarynda, Saud Arabystanynyň Jazan welaýatyndaky Tuwal gümrük geçelgesiniň golaýyndaky harby birikmelere toplar bilen hüjümleriň guralandygy habar berildi.

Bir harby ulagyň hatardan çykarylan hüjümde Saud Arabystany tarapyndan ýogalan we ýaralnan esgerleriň bardygy aýan edilip, bu babatda hiç hili san berilmedi.

Saud Arabystanynyň resmilerinden bolsa waka bilen bagly hiç hili beýanat berilmedi.



Degişli Habarlar