Eýran Ýewropa ýurtlaryndan 15 milliard dollar karz isleýar

Eýran ABŞ-nyň sanksiýalary sebäpli nebit satyp bilmeýändigi üçin Ýewropa ýurtlary 15 milliard dollar karz beren halatynda ýadro ylalaşygyndaky borçlaryny birkemsiz berjaý etjekdigini beýan etdi

1263415
Eýran Ýewropa ýurtlaryndan 15 milliard dollar karz isleýar

Eýranyň ýarym resmi “Fars” habarlar gullugy Eýranyň Daşary işler ministriniň orunbasary Abbas Arakçi ýadro ylalaşygyny doly berjaý etmekleri üçin Eýranyň nebit satmagyna şert döredilmelidigini ýa-da Eýrana karz berilmelidigini aýtdy.

Eger şeýle bolman halatynda Eýranyň ylalaşykdaky borçlaryny azaltmaga dowam etjekdigine ünsi çeken Arakçi; “Ýadro ylalaşygyny doly berjaý etmegimiz 4 aýlyk möhletde 15 milliard dollaryň alynmagy bagly. Ýewropa Eýrandan nebit almaly ýa-da nebit girdejisine barabar karz bermeli” diýdi.

Fransiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Emmanuel Makron bilen ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp geçen hepde Fransiýanyň Biarris şäherinde geçirilen G7-niň maslahatynyň çäginde duşuşyk geçiripdi. Duşuşykda Makronyň Trampy Eýranyň nebit satuwyna goýulan sanksiýalary gowşatmaga çagyrandygy habar berilipdi.

Makron şol bir wagtda Eýranyň Daşary işler ministri Jawad Zarifi Biarrise çagyryp, ýadro ylalaşygy boýunça pikir alyşypdy.

Fransiýa Eýran ýadro ylalaşygyny doly berjaý eden halatynda resmi Tährana ýylyň ahyryna çenli 15 milliard dollar karz bermegi teklip edipdi.



Degişli Habarlar