Fransiýadaky hüjüm bilen baglanşykly 1 adam göz tussaglygyna alyndy

Fransiýanyň Nissa şäherinde düýn guralan we 3 adamyň ýogalmagy bilen netijelenen pyçakly hüjüm bilen baglanşykly 1 adam göz tussaglygyna alyndy

1518831
Fransiýadaky hüjüm bilen baglanşykly 1 adam göz tussaglygyna alyndy

Fransiýanyň metbugatynda berilen habarlarda, Nissa şäherindäki Notr-Dam buthanasynda guralan hüjüm bilen baglanşykly 47 ýaşyndaky 1 adamyň hüjümçi bilen aragatnaşykda bolanlygy sebäpli göz tussaglygyna alynandygy mälim edildi. 

Fransiýanyň Terrora garşy göreş Prokurory Žan Fransua Rikar tarapyndan berilen beýanatda, hüjümçiniň 21 ýaşyndaky Tunisiň raýatydygyny, 20-nji sentýabrda Italiýanyň Lampedusa adasyna we 9-njy oktýabrda Fransiýa geçendigini mälim etdi. 

Nissa şäherindäki Notr-Dam buthanasynda düýn irden guralan pyçakly hüjümde 3 adam ýogalypdy, köp sanda adam ýaralanypdy. 

Hüjümçi saklananyndan soň hassahana ýatyryldy. Fransiýanyň Terrora garşy göreş Prokuraturasy waka bilen baglanşykly derňew işini başlatdy. 

Fransiýada terrora garşy göreş meýilnamasy adatdan daşary ýagdaý derejesine çenli ýokarladyldy. 



Degişli Habarlar