Hindistanda Guş gribi howsalasy başdan geçirilýär

Hindistanyň 5 aýry ştatynda Guş gribine gabat gelinmeginden soň, ýurtda epidemiýa duýduryşy berildi

1558456
Hindistanda Guş gribi howsalasy başdan geçirilýär

Hindistanyň Daşky gurşaw ministrligi ýurdyň 5 aýry ştatynda H5N8 wirusa gabat gelinmeginden soň, ýurt derejesinde hüşgärlik derejesiniň artdyrylandygyny habar berdi. 

Hindistanyň Daşky gurşaw ministrligi, epidemiýanyň öý haýwanlaryna we öý guşlaryna ýokmagynyň öňüni almak üçin ştatlardan iň tiz wagtda berk çäreleriň görülmegini isledi.

Ýurdyň Harýana ştatynyň Pançkula şäheriniň resmileri, epidemiýa sebäpli ölendigi çak edilýän 350 müň öý guşunyň ýok edilendigini habar berdiler. 

Himaçal Pradeş ştatynda bolsa 2 müň 400-den gowrak hindi gazynyň H5N8 epidemiýasy sebäpli ölendigi mälim edildi. 


Etiketkalar: #guş gribi , #Hindistan

Degişli Habarlar