Fransiýa Ukraina harby topar ugratdy

Fransiýa Russiýanyň harby jenaýat edendigi baradaky subutnamalary derňemek üçin Ukraina aralarynda kazyýet-lukmançylyk hünärmenleriniň hem bolan harby topar ugratdy

1811097
Fransiýa Ukraina harby topar ugratdy

Milli metbugatda berilen habarlara görä, Fransiýanyň Içeri işler we Adalat ministrliklerinden berilen beýanatda, ýurdyň paýtagty Kiýew şäheriniň golaýynda asuda ilatyň öldürilmeginden soň, harby jenaýaty emele getirýän aksiýalaryň jezasyz galmazlygynyň öňüni almak üçin Ukraina harby topar ugradylandygy mälim edildi. 

Beýanatda kazyýet-lukmançylyk hünärmenlerinden we Milli Žandarma Jenaýat derňew institutynyň Jenaýatyň bolan ýeri we anyklaýyş bölüminden 15 žandarmadn ybarat toparyň, ukrainaly we halkara resmilere gyrgynçylyklaryň derňelmegi boýunça anyk goldawy bermek we subutnama kesgitläp ýygnamak babatynda goldaw berjekdigi beýan edildi. 

DNK ýygnamak we barmagyň yzlaryny kesgitlemek babatynda hünärmen toparyň gözegçilik we diagnostika ulgamyny gurjakdygy bellen beýanatda, toparyň ukrainaly resmiler bilen ylalaşyk içinde Halkara jenaýat kazyýeti tarapyndan geçiriljek derňew işine hem goldaw berip biljekdigi aýan edildi. 

Fransiýanyň Kiýew şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Etýen de Ponsen Twitter hasabyndan beren beýanatynda Ukrainanyň Lwow şäherine baryp ýeten topary garşylamkdan bagtyýardyklaryny, Fransiýanyň bular ýaly görnüşde kömek beren dünýäde ilkinji ýurtdygyny we toparyň gysga wagtda işe girişjekdigini mälim etdi. 

Fransiýanyň Goranmak ministrligi Fransiýa tarapyndan ugradylan toparyň bitarap ýagdaýda derňew geçirmejekdigini beýan etdi. 

Ukrainanyň Baş Prokurory Irina Wenediktowa Sky News habarlar agentligine beren beýanatynda, diňe Kiýewiň golaýynda asuda ilatdan 1222 adamyň jesediniň tapylandygyny we Ukrainanyň çar tarapynda harby jenaýatyň edilendigini we adamzada garşy jenaýat edilendigini mälim etdi. 



Degişli Habarlar