Ukrainada Russiýanyň goşunynyň hüjümlerinde ýogalan çagalaryň sany 208-e ýetdi

Ukrainada Russiýanyň goşunynyň hüjümlerinde 208 çaga ýogaldy, 376 çaga bolsa ýaralandy

1815650
Ukrainada Russiýanyň goşunynyň hüjümlerinde ýogalan çagalaryň sany 208-e ýetdi

Ukrainanyň Baş Prokuraturasyndan berilen beýanatda, Russiýanyň goşunynyň bombaly hüjümlerinde 1141 bilim ojagyna zyýan ýetendigi, şolaryň 99-synyň dolulygyna ýumrulandygy mälim edildi. 

Beýanatda Russiýanyň hüjümleriniň başlan güni bolan 24-nji fewraldan şu günki güne çenli 208 çaganyň ýogalandygy, 376 çaganyň bolsa ýaralanandygy habar berildi.  

Ukrainanyň Wise-premýeri Irina Wereşýuk asuda ilatyň ewakuasiýa tapgyry boýunça düýn açylan ynsanperwer geçelgeleriň çäginde 4 ewakuasiýa awtobusynyň Mariupoly terk etmegi başarandygyny belläp, düýn gijäni Berdýansk şäherinde geçiren şol adamlaryň şu gün Zaparožýe şäherine barjakdygyny mälim etdi. 

Zenanlaryň, çagalaryň we garry adamlaryň ewakuasiýasy bilen bagly işleriň şu gün hem dowam etjekdigini aýdan Irina Wereşýuk, söweşiň dowam edýän sebitlerdäki howpsuzlyk ýagdaýyň bulaşykdygyny we ýagdaýyň islendik pursat üýtgäp biljekdigini aýan etdi. 

Beýleki tarapdan Ukrainanyň Prezident ofisiniň Baş maslahatçysy Oleksiý Arestowiç, Ukrainada häzirki wagtda takmynan 90 müň rus esgeriniň bardygyny habar berdi. 

Arestowiç metbugata beren beýanatynda ýene-de 22 müň rus esgeriň bolsa Ukraiana serhediniň golaýynda garaşýandygyny aýan etdi. 



Degişli Habarlar