BMG Azyk, Energiýa we Ykdysady Çökgünlik Boýunça Duýduryş Berdi

BMG dünýäniň Ukraina söweşi sebäpli häzirki wagta çenli görülmedik derejede azyk, energiýa we ykdysady çökgünligiň bosagasynda durandygyny duýrdurdy.

1840268
BMG Azyk, Energiýa we Ykdysady Çökgünlik Boýunça Duýduryş Berdi

BMG Russiýanyň 24-nji fewralda Ukraina yglan eden söweşiniň azyk, energiýa we maliýe ulgamlaryna ýetiren ýaramaz täsirleri boýunça habarnama çap etdi.

Habarnamada beýan edilmegine görä 94 ýurtda 1,6 milliard adam Ukraina söweşiniň ýaramaz täsirlerine sezewar we nebitiň hem-de azyk önümleriniň nyrhlarynyň artmagy sebäpli agyr şertleri başdan geçirýär.

Habarhamada Ukraina söweşi sebäpli dünýäniň häzirki wagta çenli iň agyr azyk, energiýa we ykdysady çökgünligiň bosagasynda durandygyna üns çekilýär.

BMG-niň baş Sekretary Antoniu Guterriş habarnama hakynda BMG-niň Ştab kwartirasynda žurnalistlere beren beýannamasynda “Söweşiň azyk howpsuzlygyna, energiýa serişdelerine we maliýe ulgamyna ýetirýän ýäsiri ulgamlaýyn, agyr we günsaýyn güýçlenýär. Söweş deňi-taýy görülmedik açlyk we ýoksullyk, jemgyýetçilik-ykdysady haos getirýär” diýdi.

Bu söweşiň ýaramaz täsirlerinden haýsydyr bir  ýurduň halas bolup bilmejekdigini beýan eden Guterrişp, söweş sebäpli şu ýyl ýen-de 47 million adamyň azyk ýetmezçiligine sezewar boljakdygyny aýtdy.

Nebitiň we azyk önümleriniň nyrhlary bilen bagly dar öwrümi ortadan aýyrmak, azyk we energiýa bazarlaryna durnuklylyk getirmek üçin ukraina gallasynyň we rus döküniniň global bazarlara gaýtadan getirilmelidigini aýdan Guterriş, ukrain gallasynyň howpsuz we bökdençsiz görnüşde Gara deňiziň üstaşyr eksportunyň ýola goýulmagy üçin çagyryş etdi.

 



Degişli Habarlar