Polşa we Germaniýa Ukraina taňk ugratdy

Polşanyň we Germaniýanyň Ukraina harby kömegiň çäginde berilen wada laýyklykda taňk ugradandyklary mälim edildi

1859270
Polşa we Germaniýa Ukraina taňk ugratdy

Ukrainanyň Prezident ofisiniň metbugat sekretary Andreý Ýermak beren beýanatynda: "Polşadan PT-91 Twardy görnüşli taňklar Ukraina geldi. Dostlarymyza minnetdarlyk bildirýäris" diýip habar berdi. 

Ukrainanyň Goranmak ministri Alekseý Reznikow bolsa telewideniýe kanallaryň birine beren beýanatynda, Germaniýadan 15 Gepard zenit taňk ulgamlarynyň ilkinji 3-siniň Ukraina gelip ýetendigini mälim etdi. 

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy hüjüm başladypdy. 


Etiketkalar: #taňk , #Germaniýa , #Polşa , #Ukraina

Degişli Habarlar