Rus taňklary Kiýewde sergilenýär

Söweş sebäpli ukrainalylar, şu ýyl Garaşsyzlyk güni bilen bagly dabaralara ozalky ýyllara garanyňda has uly ähmiýet berýär

1870645
Rus taňklary Kiýewde sergilenýär
kiev rus tank.jpg
kiev rus tank.jpg
kiev rus tank.jpg
kiev rus tank.jpg

Ukrainanyň Ýaragly güýçleri tarapyndan söweşde ele salynan Russiýanyň goşunyna degişli ulanyp bolmajak ýagdaýdaky köp sanda sowutly ulag ýurduň paýtagty Kiýew şäherinde sergilenýär.

Takmynan 6 aý bäri Russiýa bilen söweşýän Ukraina, 24-nji awgustda Garaşsyzlyk gününi dabara bilen belläp geçmäge taýarlyk görýär.

Söweş sebäpli ukrainalylar, şu ýyl Garaşsyzlyk güni bilen bagly dabaralara ozalky ýyllara garanyňda has uly ähmiýet berýär.

Garaşsyzlyk güni bilen bagly dabaralardan ozal Russiýanyň harby güýçlerinden ele salynan we ulanyp bolmajak ýagdaýda bolan, aralarynda köp sanda taňklar we motorly artilleriýa ulgamlary Kiýewiň Kreşatik köçesinde sergilenmäge başlandy.

Müňlerçe ukrainaly ele salynan rus sowutlylaryny görmek üçin Kreşatik köçesine bardy. Baran adamlaryň käbirleri Kreşatik köçesinde sergilenýän rus sowutlylaryň öňünde surata düşdiler.

Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda 24-nji fewralda başlan söweş, başdaky günlerde Kiýewiň golaýynda başdan geçirilen hem bolsa, şu günki gün ýurduň günortasynda dowam edýär.



Degişli Habarlar