Ukrainada bir günlük mejbury energiýa tygşytlylygy ýerine ýetirilýär

Ukrainanyň tapawutly ýerlerinde Russiýanyň energiýa infrastrukturalaryna garşy guran hüjümleri sebäpli, 1 günlük mejbury energiýa tygşytlylygy ýerine ýetirilýär

1895507
Ukrainada bir günlük mejbury energiýa tygşytlylygy ýerine ýetirilýär

Russiýa bilen 24-nji fewraldan bäri söweşiň dowam edýän Ukrainada esasan hem 10-njy oktýabrdan bäri, paýtagt Kiýew bilen birlikde ýurduň ençeme şäheriniň energiýa infrastrukturasy rus hüjümlerine sezewar galýar. 

Zeper ýeten energiýa infrastrukturalarynyň abatlaýyş işleri dowam edýärkä, zyýan ýeten ulgamlaryň dowamly häsýetde işläp bilmegi üçin Ukrainanyň hökümeti halka 20-nji oktýabrda elektrik toklary tygşytlamak barada çagyryş berdi. 

Ukrainanyň Prezident ofisiniň başlygynyň orunbasary Kirilo Timoşçenko Telegram hasabyndan beren beýanatynda, şu gün ýerli wagt bilen sagat 07:00 bilen 23:00 aralygynda elektrik toklaryň ulanylşyny iň pes derejä ýetirilmeginiň gerekdigini belläp: "Bu karar ýurduň ähli sebitleriniň ýaşaýjylary üçin degişlidir. Şol ýerine ýetirilmese wagtlaýyn ýapylmalara taýarlanmalydyrys" diýip mälim etdi. 

Günüň dowamynda käbir şäherlerde çyralar we ýagtylandyryş ulgamlarynyň ýapyljakdygyny aýdan Timoşçenko, şol öňüni alyş çäreleriniň mejburydygyny beýan etdi. 



Degişli Habarlar