Russiýa Liwana Bugdaý we Ýangyç Kömegini Berer

Russiýanyň Liwana 25 müň tonna bugdaý we 10 müň tonna ýangyç kömegini berer

1900707
Russiýa Liwana Bugdaý we Ýangyç Kömegini Berer

Russiýanyň Liwana 25 müň tonna bugdaý we 10 müň tonna ýangyç kömegini berjekdigi habar berildi.

Liwanyň Ulaglar ministri Ali Hamiýe, metbugata beren beýannamasynda, Russiýanyň azyk we elektrik togy krizisi başdan geçirýän ýurduna 25 müň tonna bugdaý we 10 müň tonna ýangyç kömegini berjekdigini aýtdy.

Ali Hamiýe, Moskwanyň bugdaý we ýangyç kömegini haçan berjekdigi barada bolsa maglumat bermedi.

Russiýanyň galla geçelgesi ylalaşygyny saklamagyndan soň Liwana bugdaý we ýangyç kömegini bermek barada karar kabul etmegi ünsleri özüne çekdi.


Etiketkalar: #Russiýa , #bugdaý , #ýangyç , #Liwan

Degişli Habarlar