Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý Türkiyäniň Prezidenti Erdogana minnetdarlyk bildirdi

Zelenskiý, Gara deňiz Galla geçelgesi ylalaşygynyň dowam etdirilmegi bilen baglanşykly düýn kabul edilen karar mynasybetli Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogana we BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe minnetdarlyk bildirdi

1907776
Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý Türkiyäniň Prezidenti Erdogana minnetdarlyk bildirdi

Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý, Gara deňiz Galla geçelgesi ylalaşygynyň dowam etdirilmegi bilen baglanşykly düýn kabul edilen karar mynasybetli Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogana we BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe minnetdarlyk bildirdi. 

Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý, düýn agşam Telegram hasabyndan beren beýannamasynda, Gara deňiz Galla geçelgesi ylalaşygynyň Türkiyäniň, BMG-nyň, Russiýa Federasiýasynyň we Ukrainanyň arasynda kabul edilen kararyň çäginde uzadylmagynyň üstünde durup geçdi. 

Galla geçelgesi ylalaşygynyň çäginde 1-nji awgustdan bäri Ukrainanyň Odessa sebitiniň portlaryndan 450-den gowrak gämi bilen 11 million tonna golaý azyk önümleriniň eksport edilendigini aýdan Zelenskiý: "Şu işi özgertmek üçin ähli zady etdik we kömek beren ähli taraplara minnetdarlyk bildirýärin. Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogana we BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe minnetdarlyk bildirýärin" diýip belledi. 

Global açlyk krizisiniň öňüni alynmagy üçin galla başlangyjynyň giňeldilmegi ugrunda gepleşikler geçirýändiklerini, şol başlangyja ABŞ, Germaniýa, Ýaponiýa, Polşa we Belgiýa ýaly ýurtlaryň hem gatnaşmak isleýändigini aýdan Zelenskiý: "Dünýä jebis bolsa açlygyň hötdesinden gelip biler" diýip habar berdi. 

Russiýanyň Ukraina garşy düýn howa hüjümleirni gurandygyny aýdan Zelenskiý, hüjümleriň netijesinde asuda ilatdan 7 adamyň ýogalandygyny we şol sanyň artyp biljekdigini mälim etdi. 



Degişli Habarlar