Ýewropa Bileleşigi Ukraina 18 Milliard Ýewrolyk Karz Berer

ÝB-niň Russiýa bilen söweşýän Ukraina 2023-nji ýylda 18 milliard ýewrolyk karz pul bermegi tassyklandy.

1910798
Ýewropa Bileleşigi Ukraina 18 Milliard Ýewrolyk Karz Berer

Ýewropa Parlamenti, ÝB-niň Russiýa bilen söweşýän Ukraina 2023-nji ýylda 18 milliard ýewrolyk karz pul bermegini tassyklady.

Fransiýanyň Strasburg şäherinde ýerleşýän Ýewropa Parlamentiniň Baş Assambleýasynda geçirlen sese goýulşykda 507 halk deputaty taslama “kabul” sesini berdi.

38 halk deputaty bolsa taslama “garşy” ses berdi.

Taslama laýyklykda Ukraina her aý 1,5 milliard ýewro bolmak bilen jemi 18 milliard ýewrolyk karzyň berilmegi meýilleşdirilýär.

Maliýe kömegi bilen ilkinji nobatda hassahanalaryň we mekdepleriň açylmagy we infstrukturanyň ýaňadandan dikeldilmegi meýilleşdirilýär.

ÝB-niň Ukraina karz pul bermegi üçin karar taslamasy ilki 6-njy dekabrda ÝB Geňeşi tarapyndan tassyklanmaly.

ÝB-ne agza ýurtlar 24-nji fewralda başlan söweş sebäpli Ukraina häzire çenli 19.7 milliard ýewrolyk kömek berdi.

 

 



Degişli Habarlar