“Ukraina Ýeňiş Gazanar”

Zelenskiý, paýtagt Kiýewde Ukrainanyň Parlamentinde çykyş etdi

1925209
“Ukraina Ýeňiş Gazanar”

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, 24-nji fewraldan bäri dowam edýän Russiýa-Ukraina söweşinde rus güýçleri tarapyndan ele geçirlen 1800-den gowrak ilatly ýerde gözegçiligi ýola goýandyklaryny mälim etdi.

Zelenskiý, paýtagt Kiýewde Ukrainanyň Parlamentinde eden çykyşynda, Russiýa garşy dowam edýän söweşde, ukrain halkynyň arkalaşykly hereket etmek bilen bütin dünýä görelde bolandygyny nygtady.

Russiýanyň hüjümlerine garşy göreşmäge dowam edýändiklerini nygtan Zelenksiý, “Ukraina hökmany suratda ýeňiş gazanar” diýdi.

ÝB-ne agza ýurtlaryň Russiýa garşy Ukraina ýarag kömegini berýändigini nygtan Zelenskiý, “ÝB taryhynda ilkinji gezek şeýle uly ýarag kömegini berýär” diýdi.

Söweşde özlerine goldaw berýän ýurtlara sag bolsun aýdan Zelenskiý, berilýän ýarag kömekleri bilen Ukrainanyň goşunynyň hüjümlere degişli gaýtawuly görkezýändigini nygtady.

Zelenskiý, “Ukraina 1800-den gowrak şäheri we obany basyp alyjylardan halas etmegi başardy”diýdi.

Ukrain halkynyň ýeňişe tarapdan öňe barýandygyny nygtan Zelenskiý, BMG-nyň we Türkiýäniň goldaw bermeginde gazanylan galla geçelgesi ylalaşygy arkaly Ukrainanyň portlaryndan 15 milliondan tonnadan gowrak gallanyň eksport edilendigini ýatlatdy.

Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý, galla geçelgesi ylalaşygynda uly rol oýnan BMG-nyň Baş sekretary Antonşu Guterreşe we Prezident R. T. Erdogana minnetdarlyk bildirdi.

 

 



Degişli Habarlar