Ekwadorda Bolan Ýer Titremesinde 13 Adam Ýogaldy

Ýer titremesinde häzire çenli 17 mekdep, 31 saglygy goraýyş merkezi bilen 6 bina dolulygyna ýykyldy.

1961729
Ekwadorda Bolan Ýer Titremesinde 13 Adam Ýogaldy

Günorta Amerikada ýerleşýän Ekwadorda bolan 6,7 bal ululygynda ýer titremelerinde 13 adam ýogaldy.

Ekwadorda Balao şäheriniň 6 kilometr demirgazyk gündogarynda bolan 6,7 bal ululygyndaky ýer titremesinde 13 adamyň ýogalandygy, gözleg we halas ediş işleriniň güýçli depginde dowam edýändigi nygtaldy.

Ýer titremesi zerarly 126 adamyň hem ýaralanandygy bellenildi.

Ýer titremesinde häzire çenli 17 mekdep, 31 saglygy goraýyş merkezi bilen 6 bina dolulygyna ýykyldy.

Ýer titremesi goňşu ýurt Peruda hem duýuldy.



Degişli Habarlar