Makron Russiýa-Ukraina Urşy Hakynda Beýannama Berdi

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron “Russiýa Ukrainadaky uruşda üstün çyksa, Ýewropa abraýdan gaçar” diýdi.

2115993
Makron Russiýa-Ukraina Urşy Hakynda Beýannama Berdi

“Frans 2” we “TF1” teleýaýlymlarynyň bilelikdäki goýberlişine gatnaşan Emmanuel Makron, söweşiň indi Ýewropadadygyny beýan edip; “Strazburg bilen Lwowyň arasynda 1500 kilometrden az aralyk bar. Russiýa söweşde üstün çyksa, Ýewropa abraýdan gaçar” diýdi.

Resmi Moskwa uruşdan üstün çykan halatynda howpsuz bolmajakdyklaryny we Ýewropanyň söweşe taýýar bolmalydygyny aýdan Fransiýanyň Prezidenti Makron; “Ýekeje maksadymyz bar; Russiýa uruşda üstün çykmaz we çykmaly däl” diýdi.

Makron 2022-nji ýyldan bäri Russiýa bilen söweşýän Ukraina harby goşun ugratmak hakynda bolsa; “Bular mümkin, onuň ýeke-täk jogapkäri resmi Moskwa bolar” diýdi.



Degişli Habarlar