ABŞ, Siriýadaky Merkezlerine Goşmaça Esger we Harby Enjam Ugratdy
ABŞ, PKK/ÝPG-nyň basyp alyşlygy astyndaky sebitlerde ýerleşýän harby merkezlerine 40 ulagdan ybarat goşmaça esger we harby enjam ugratdy.
ABŞ, Siriýanyň Haseke we Deýrizor welaýatlarynda ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-nyň basyp alyşlygy astyndaky sebitlerde ýerleşýän harby merkezlerine 40 ulagdan ybarat goşmaça esger we harby enjam ugratdy.
Amerikan güýçlerine degişli kerwen düýn gije Yrak-Siriýa serhedindäki Al Welid gümrük geçelgesinden Haseke welaýatyna girdi.
40 ulaglyk harby kerwende amerikaly esgerler bilen birlikde Bradleý kysymly 5 sowutly ulag hem bar.
Ýangyç tankerlerinden, lukmançylyk enjamlaryndan we howa goranyş ulgamlaryndan ybarat kerwen, Ýefrat derýasynyň gündogarynda ýerleşýän Ömer nebit giňişligindäki harby merkeze tarap gitdi.
Amerikan goşuny 5-6-njy we 23-nji ýanwar bilen 13-nji fewralda hem Hasekede Harab Jir we Kasrer we Deýrizorda Ömer nebit giňişligindäki harby merkezlerine goşmaça esger we harby enjam ugradypdy.
Degişli Habarlar
Hamas, Ysraýyla Degişli 100 Ulagy Hatardan Çykardy
Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleri bilen Palestinaly toparlaryň arasynda güýçli çaknyşyklar bolýar.
Gazada Ýogalanlaryň Sany Artmaga Dowam Edýär
Ysraýylyň 225 günden bäri Gaza Sektoryna garşy guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.