ABŞ Ysraýyla Ýarag Bermäge Dowam Edýär

ABŞ Ysraýyla milliardlarça dollarlyk täze harby uçar we müňlerçe bomba berer

2122334
ABŞ Ysraýyla Ýarag Bermäge Dowam Edýär

Amerikan hökümetiniň duýdansyz Gaza guraýan hüjümlerini dowam etdirýän Ysraýyla milliardlarça dollarlyk täze harby uçar we müňlerçe bomba berilmegini tassyklandygy habar berildi.

“Waşington Post” gazetiniň Pentagonyň we Döwlet sekretarlygynyň ýolbaşçylaryna esaslanýan habarynda, Baýdeniň ýolbaşçylygyndaky amerikan hökümetiniň ýaňy ýakynda Ysraýyla täze ýaragyň berilmegini tassyklandygy nygtaldy.

Habara görä, Amerikan hökümeti Ysraýyla 25 sany F-35 uçarynyň we uçaryň hereketlendirijisiniň satylmagyny tassyklady.

Beýleki tarapdan Amerikan hökümeti Ysraýyla MK84 we MK82 kysymly müňlerçe bombanyň berilmegini hem tassyklandygy nygtaldy.

Ysraýylyň Gaza atýan MK84 bombalarynyň asuda ilatyň ýogalmagynda uly rol oýnaýandygy nygtalýar.

 

 

 


Etiketkalar: #ýarag , #uçar , #ABŞ , #Ysraýyl

Degişli Habarlar