Putin mejbury harby gulluga almak baradaky kararnama gol çekdi
Russiýanyň Döwlet baştutany Wlaidmir Putin ýaz paslynda 150 müň raýaty mejbury harby gulluga almak baradaky kararnama gol çekdi
Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň kararnamasy Kremliň resmi internet saýtynda çap edildi.
Russiýada saglygy ýerinde bolan ähli erkek adamlaryň 18 ýaşyndan başlap 1 ýylyň dowamynda harby gulluk borjuny ýerine ýetirmegi ýa-da ýokary okuw jaýynda şoňa laýyk tälim almagy mejburydyr.
Putin soňky gezek bolsa sentýabr aýynda güýz pasly üçin 130 müň adamyň harby gulluga çagyrylmagy üçin kararnama gol çekipdi.
Putin geçen ýylyň ýaz paslynda hem 147 müň adamyň harby gulluga çagyrylmagy bilen bagly kararnama gol çekipdi.
Degişli Habarlar
Hamas, Ysraýyla Degişli 100 Ulagy Hatardan Çykardy
Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleri bilen Palestinaly toparlaryň arasynda güýçli çaknyşyklar bolýar.
Gazada Ýogalanlaryň Sany Artmaga Dowam Edýär
Ysraýylyň 225 günden bäri Gaza Sektoryna garşy guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.